Nesilleriň saglygy — jemgyýetiň baýlygy

16 Iýun 2023
1590

Parasatly pederlerimiz körpe nesliň saglygyny hemişe iň möhüm zatlaryň hatarynda goýupdyr. «Bal süýji, baldan-da bala», «Balanyň barmagy agyrsa, enäniň ýüregi syzlar» diýip, körpe nesle bolan söýgüsini ýürek sözüne siňdirip ebedileşdiripdirler. Olara jemgyýetiň geljegi, ýagty ertiri hökmünde garap, hemişe aýap-apalapdyrlar, goraglapdyrlar. Olaryň saglygyny bütin jemgyýetiň saglygy bilen bir terezä goýupdyrlar.

Körpe nesliň saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerime eýe bolýar. Tutuş jemgyýetiň saglygynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda çagalaryň saglygyna gönükdirilen tutumlara hem aýratyn ornuň berilmegi, Türkmenistanyň bu ugurda milli hem-de sebit derejesindäki birnäçe taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmegi diýseň buýsandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Şol gün ýurdumyzda birbada lukmançylyk desgalarynyň 3-siniň — 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 80 orunlyk Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bu wajyp ähmiýetli desgalar eziz Diýarymyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna, keselleri anyklamakda, bejermekde hem-de öňüni almakda toplanan tejribäni has-da baýlaşdyrmaga, ynsan saglygyna berilýän ünsüň derejesini has-da artdyrmaga ýardam eder.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki-ordinatory.