Maşgala jebisligine bagyşlandy

26 Maý 2023
1616

Berkarar döwletimizde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, maşgala abatlygyny saklamak, nesilleriň bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Biz hem raýatlaryň agzybirlikde, jebislikde göreldeli zähmet çekmeklerini üpjün etmek, halkymyza mahsus nusgalyk häsiýetleri gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlerden çetde durmaýarys. Golaýda edaramyzda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Berk maşgala — ýurduň daýanjy» diýen at bilen geçiren wagyz-nesihat we düşündiriş duşuşygymyz hem hut şu maksada gönükdirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşuly enelerimiz ýaşlara maşgala mukaddesliginiň däplerine eýermegiň talaplary dogrusynda gymmatly maslahatlaryny berdiler.

Jeren AÇYLOWA,
welaýat Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň esasy hünärmeni.