Gündogarda jadylaýjy gözelligi bilen älemi haýrana goýýan daşlaryň biri-de almaz, ýagny göwherdir. «Almaz» sözi grek dilindäki «adamoş» sözünden gelip çykyp, «ýeňilmeýän» diýen manyny aňladýar. Sebäbi almaz juda berk daş bolup, al-sary, solgun gülgüne reňkde bolýar.
Rowaýata görä, göwherler ýyldyzlaryň Ýere gaçan bölejiklerimiş. Onuň özüne çekiji güýji bar. Göräýmäge reňksiz, çala gök öwüsýän göwherler özüne sereden gözleriň ählisini jadylamagy başarýar. Ol dürli ýaşdaky, derejedäki adamlara öz täsirini ýetirmegi başarýar. Hemme wagtlarda-da dury, arassa, birkemsiz göwherleriň öz eýelerini gorap, üstünlik gazanmagyna, işleriniň şowlamagyna ýetirýän täsirleri hakynda köp aýdylypdyr.