Hünärmenleriň belleýşi ýaly, ilkibaşdan, körpejelerine terbiýe berýän, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýan ene-atanyň çagalary özüne ynamly, üstünlikli, dogruçyl, umuman, kämil adamlar bolup ýetişýärler. Ene-atanyň çagany mähir, yhlas bilen gurşap almagy her bir perzent üçin uly bagtdyr.
«Terbiýe» diýmeklik giň manyly düşünjäni aňladýar. Terbiýe çaga üçin ýakynlarynyň göreldesidir. Sebäbi çagalar edebi, göreldäni, esasan-da, ejeden, kakadan alýar. Çagalar üçin ilkinji görelde mekdebi öz eje-kakasy bolup durýar. Aýratyn-da, gyz perzentler ejesine, oglanlar bolsa, kakasyna meňzemäge çalyşýarlar.