"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Abadan geljegiň aýdyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna, peder ýoluna dowam beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tutumly işler, düýpli özgertmeler bilen täze taryhy eýýamymyz uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-güni buýsandyrýan, ýurt ykbalyny has-da nuranalyga besleýän möhüm wakalaryň, birш-birinden zyýada rowaçlyklaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy döwürde her günüň täze üstünliklere ýugrulyp, bagtly pursatlaryň kerwen gurap gelmegi agzybir watandaşlarymyzy asylly başlangyçlara, döredijilikli zähmete galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri Watan bagtyýarlygyny, döwlet berkararlygyny berkitmekde halkyň yhlasyna bildirilen beýik ynamdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu beýik ynamy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň hem kalbyna egsilmez güýç paýlaýar. Türkmen ýaşlary joşgun, ruhubelentlik bilen Berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Terbiýe mekdebiniň nusgalyk ýörelgesi

Magtymguly Pyragy diýlende, akyldar şahyryň halkymyzyň aňyna, ruhy dünýäsine ornaşan, durmuşynyň bölegine, terbiýeçilik ýörelgesine öwrülen öçmez-ýitmez döredijiligi seriňe gelýär. Edebiýat äleminiň beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli meseleleriň çözgütlerini, pelsepewi garaýyşlaryň giden toplumyny özünde jemleýär. Şahyryň şygyrlar dünýäsi nusgalyk terbiýe mekdebidir. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde alymlar, edebiýaty öwrenijiler, magtymgulyşynaslar üçin şahyryň döredijiligini, golýazmalaryny ylmy esasda öwrenmäge giň şertler, uly mümkinçilikler döredildi. Şeýle tutumly işleriň netijesinde Magtymguly atamyzyň eserleri dünýä ýaýylyp, ähliadamzat gymmatlygynyň derejesine göterildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem şahyryň dünýä edebiýatyndaky belent abraýynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň milletiň beýik şahyryna bagyşlap döreden «Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany» atly ajaýyp goşgusy geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny, hormat-sarpasyny has-da artdyrdy.

Alaja nagşy

Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän keşdeler türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen, onuň kalbyna gözellik çaýýar. Keşde çekmek türkmen gelin-gyzlarynyň her biriniň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Olar el işlerini gyz-gelinleriň üýşýän ýeri bolan ümelerde, oba bolup ýazlaga göçenlerinde, güzer başynda, jorasynyňka görme-görşe baranlarynda ýanlary bilen alyp gidipdirler. Keşdeleri ussat gelin-gyzlar geýimlerinde örän gelşikli, owadan edip ýerleşdirmegi ökdelik bilen başarypdyrlar. Dürli nagyşlar biri-birinden tapawutlanyp durar ýaly, olaryň arasyndan «alaja» nagşyny geçiripdirler. «Alaja» ak we gara sapaklar bilen ýerine ýetirilip, ol has göze ilgiç bolýar. Ähli el işlerimize-de gözellik çaýýar hem-de şol ajaýyp alaja, ýagny keşde alaja, gaýma alaja, basma alaja, köjüme alaja ýaly görnüşleriniň her biri el işlerimiziň görnüşlerine görä gelşirilip ýerine ýetirilýär. Alaja nagşyny gelin-gyzlarymyz gözden-dilden gorasyn diýen pikir bilen salypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny, iş guralyny sowgat bermegi türkmen halkymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, muzeý işgärleriniň buýsanjyny göge ýetirdi. Ogulabat ejäniň baldyzyna niýetläp tiken kürtesiniň, ören jorabynyň hem m

Jöwen diňi

Hally aga atly goňşymyz bardy. Ol daýhan adamdy. Bir ýyl ol mellegine jöweni adaty ekilýän wagtyndan sähel irräk ekdi. Şeýle edilende ol töwerekdäki ekilen jöwenlerden ir başlaýar we ony guşlardan goramak kyn bolýar. Jöwen başyndaky däneler balykgöz bolup başlandan, esasan hem, serçeler süri bolup gelip, başlary boşadyp, sübsä dönderýärler. Olaryň jöwen başlaryna hüjüm edýän wagty başdaky däneler gataýança, ýigrimi gün çemesi wagt dowam edýär. Däne gatansoň, jöweni serçelerden goramagyň zerurlygy bolmaýar. Olar diňe däne ýumşak wagty oňa zeper ýetirýärler. Hally aganyň jöweniniň ähli jöwenlerden ir başa duranyny ilki duýan serçeler süri bolup, oňa hüjüm edip başladylar. Goňşymyz onuň goragyna çykdy. Ol häli-şindi atyzynyň daşyndan aýlanyp, guşlary ürküzýärdi. Bu işe onuň çagalary hem kömekleşýärdiler. Soňra olar atyzyň daşyndan aýlanmasyny goýdular. Jöwen atyzyň içinden bolsa her wagt atylýan sapanyň şuwwuldysy, şyrpylaryň şyrpyldaýan sesleri eşidilýärdi. Jöwen başlaryna serçeler kär edip bilmediler. Jöwen orlandan soň, atyzyň ortasyndaky adam boýly diňe gözümiz düşdi. Jöweniň boýy uzyn bolansoň, ol orulýança, içinde jöweni guşlardan goramak üçin diňiň bardygyny aňşyrmandyrys. Olar ony jöwen suwarylandan soň, atyzyň boş ýerlerindäki laýlardan alyp, ony depeläp bişirip, depesine çykmaga oňaýly bolar ýaly tekje bejerip gurupdyrlar. Goňşymyz hem-de onuň çagalary şol diňe çykyp sa

Çaýhalta

Asyl mekany Hytaý bolan çaýlaryň dürli görnüşlerine türkmen halkymyzda aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine çeper elli ene-mamalarymyzdan miras galan, owunjak nagyşlar bilen keşdelenen çaýhaltalary synlanyňda hem anyk göz ýetirýärsiň. Hojalykda ýarym gadak-bir gadak möçberinde çaý sygar ýaly haltalar ulanylypdyr. Mundan başga-da, içjek çaýyňy ýanyňda götermäge oňaýly kiçijik çaýhaltalar hem tikilipdir. Çöl-beýewanda mal bakýan çopanlar, meýdan-haşar işlerine giden daýhanlar ýanlarynda gabarasy ykjam çaýhaltalary göteripdirler. Esasan hem, käbir ýaşuly adamlar çaýy saýlap içýärler. Şonuň üçin öňki döwürler ýaşulular toý-märekä hem ýanlary çaýhaltaly, çaýly barypdyrlar. Şeýle hem çaýhaltalar çaýy gurak we arassa saklamakda örän ygtybarly bolup, onuň zaýalanmazlygynyň öňüni alypdyr. Çaýhaltalar syk dokalan matadan tikilip, agyzbogy bolar ýaly bagjyk dakylypdyr.

Türkmen milli oýunlary

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklara laýyklykda, döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesli akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Türkmen milli oýunlaryndan göz daňdy, aşyk, top ýaly oýunlara «Gorkut ata» eposynda, «Görogly» şadessanynda duş gelinýändigini bellemek möhümdir. Bu hem milli oýunlaryň irki döwürden gözbaş alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar. Olaryň ýaşlarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde täsiri uludyr. Şeýle hem ýaş nesli geljekki zähmete taýýarlamakda milli oýunlaryň belli bir derejede ähmiýeti bardyr.

Alaja — arzyly sungat

Çeper el işleri bilen meşgullanmak her bir halkyň zenan maşgalalaryna mahsusdyr. Şonuň üçin el işleriň ähli görnüşleri hem öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, zenanlaryň mährinden, duýgy gözelliginden, nepis döredijilik ukybyndan, ylhamyndan alyp gaýdýar. Türkmen zenanlary el hünäriniň köp görnüşleri, şol sanda alaja örmek, jähek çalmak, aldymgaç kakmak başarjaňlygy bilen tanalýar. Şolaryň arasynda alaja sungatynyň aýratyn orny bar. Milli mirasymyz bolan alaja örmek, alaja işmek sungaty eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç geçip, olara aýratyn bezeg berýär. Isle, egin-eşiklerimize salynýan keşdedir nagyşlar bolsun, isle-de, owadan haly-kilimlerimiz, olaryň hiç birini hem alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Alajalaryň ýogyn we inçe işilýän, örülýän görnüşleri bolup, bu ölçegler olaryň nämä niýetlenendigi bilen baglydyr. Alajanyň nämährem nazardan goraýandygyna ynanan ene-mamalarymyz ony bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin hem ulanypdyrlar.

Milli ýörelgelere sarpa

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, şöhratly taryhy bar. Bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek mukaddes wezipe bolup durýar. Şonuň netijesinde hem bu günki günde milli gymmatlyklarymyz ýaş nesillere öwredilýär, taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniruhy gymmatlyklarymyza, dilimize, edebiýatymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma, ony ylmy taýdan öwrenmäge bolan höwes hasda artýar. Geljekki ösüşleri üpjün etjek türkmen ylmyna, medeniýetine, sungatyna ýaş alymlaryň gyzyklanmagy ýurdumyzyň ylymbilim we medeniýet ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine giň ýol açýar. Şeýle ösüşler bolsa halkymyzyň asyrlarboýy döreden milli ýörelgelerine sarpa goýmakda, ýaşlary ynsanperwerlik, halallyk, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki döwür ösýär, özgerýär. Şonuň bilen birlikde, bilim, ylym hem ösýär. Ylmy açyşlar durmuşymyza ornaşyp, adamzadyň ýaşaýyş derejesini, islegini hasda kämilleşdirýär. Biziň her birimiz, her bir maşgala, her eneata çagalaryna, ýaşlara Watany söýmegi, ataenä hormat goýmagy milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly öwredýär. Şonuň üçin milli terbiýäni edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanyp kämil derejede biziň ajaýyp döwrümize gelip ýeten edebiýatymyz, mede

Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý dabarasyny döwlet we halkara derejede bellemek işleri giňden alnyp barylýar. Bu şanly senäniň ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şanly senäni dabaraly bellemek boýunça degişli Karara gol çekendigi hem-de geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygy biziň üçin begençli pursat boldy.

Zübeýda getirilen çäýnek

Magtymguly öz uýasy Zübeýdany janyndan eziz görerdi. Ony suwdan, ýelden gorardy. Syýahata gideninde-de, iň ökde zergärleriň yhlasy, zähmeti siňen şaý-sepleri, ussat kulallaryň ellerinde nepislik bilen ýasalan küýzeleri sowgat edip, mähriban uýasyny begendirerdi. Zübeýda agasynyň getirip beren iň gymmatly sowgatlaryny ejesinden sowgat galan sandygyna salyp, aýap saklardy. Ynha, günleriň bir güni jahankeşde Magtymguly atamyz pygamberlerimiziň nazary düşen mukaddes ýerleri aşyp, Hindistana barýar. Bu mekanyň görlüp-eşidilmedik mukaddes ýerlerine syýahat edýär. Magtymguly syýahatynyň dowamynda Gündogaryň şowhuny ýetik bazarynda dürli ýurtlardan gelen täjirler, söwdagärler, şahyrlar bilen ýakyndan tanyşýar. Olara öz zehininden dörän şaý-seplerini görkezip, onuň ýasalyşynyň inçe syrlary hakynda gürrüň berýär. Magtymgulynyň gyzykly gürrüňlerini diňläp oturan bir derwüş ýerinden turup, «Bu berdaşly ýigidimiz gadymy Oguz ýurdundan bolmaly. Onuň egnine geýen nagyşly donundan aňdym. Oguz ýurdunda Gündogaryň beýik ýyldyzy, şahyr Magtymguly diýen ýigit bolmaly. Onuň her bir şygryny altyna, kümüşe deňeýän diýsemem,  bärden gaýdýar» diýip, batly sesi bilen Magtymgulynyň goşgularyny zowladyp aýdyp başlady.

El hünäri — gözelligiň nusgasy

Türkmen zenanlarynyň yhlasy siňip kemala gelen el işlerimiz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Sünnälenip, sungat derejesine ýetirilen el işlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly abraýa eýe bolýar. Halkymyzda zenan maşgalanyň eliniň işli bolmagy asylly däpleriň biridir. Maşgalada dünýä inen gyzjagaza hüwdi aýdylanda eýýäm onuň eliniň hünärli, çeper gyz bolup ýetişmegi arzuw edilýär: Meniň gyzym otursyn,Eline ýüwse ötürsin.Akja keçäň üstündeGaýma gaýap otursyn...

Jöwher paýhasyň miwesi

Şygryýet — jöwher pikirleriň çyrpynyp akýan tereň derýasy, jaýdar jümleler bilen köňüllerde tagt gurýan ägirtleriň joşly dünýäsi. Ol öz goýnunda çeper sözüň gadyr-gymmatyny bilýän şahandazlara, suhangöýlere mynasyp orun berýär. Galama ussatlyk bilen erk edýänleriň hersi özüne mahsus döredijilik ýoly bilen edebiýat meýdanynda, şygryýet äleminde öçmejek yz goýýar. «Türkmen şygryýeti» diýlende, Magtymguly Pyragy göz öňümize gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende bolsa, türkmen şygryýeti hakydamyzda janlanýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köpugurlylygy, çeper söze ussatlyk bilen erk edişi tutuş dünýäni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip bellemek bilen, geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirkizaman türkmen edebiýatynyň, milli filosofiýanyň many-mazmunynyň çuňlaşmagyna ägirt uly goşant goşan nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine beýik baha berýär.

Millilik ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, halkymyzyň şöhratly taryhy giňden öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary we onuň dowam eden günlerinde bolup geçen çuň mazmunly, türkmen halkynyň taryhyna, şu gününe dahylly wakalar hem bu hakykaty aýan etdi. Şol taryhy günlerde bolup geçen wakalar barada halkymyzyň, hususan-da, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi bilen «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Milliligi galkyndyryp göwünde, türkmen älem içre galýar belende» diýen at bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda guralan bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Derýaýewa, «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy Ogulnäzik Aşyrowa, Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Läle Aýdogdyýewa gatnaşdylar. Olaryň ýürek buýsanjyny, mi

Durky peleň, şir mysaly... (Türkmen alabaýy hakda kelam)

Geçmişde türkmen alabaýlarynyň duýgurlygy, wepalylygy bilen dünýäniň alymlarynyň, syýahatçylarynyň ünsüni çekendigine taryh şaýatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň gelip çykyşy, taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Türkmen alabaýlarynyň tohumy nesilden-nesle geçip, häzirki güne çenli itşynaslar, seçgiçiler tarapyndan goralyp saklanypdyr. It – türkmen halkynda goraýjy häsiýeti bilen hem meşhurdyr. Bedew atlarymyzyň eýesine wepaly bolşy ýaly, alabaý itleri-de wepalylyk häsiýeti bilen öňe saýlanýan jandarlaryň biri. Alabaý iti eýesini, tutuş maşgala agzalaryny goraýar, şonuň üçin olar sakçy hem hasaplanýarlar.

Göteriljek ykbaly öňünden gören

Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň almaz täjine deňelen Magtymgulynyň goşgularynda dabaralandyrylýan watançylyk we parahatsöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2014-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejeli dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýörite Karary esasynda, 2024-nji ýylda dana şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk senesi hem uly joşgun bilen ruhubelentlikde toýlanar. Bu dabaraly çäreleriň gerimi diňe bir şahyryň ata Watanynda däl-de, çawy ýaýran dünýä döwletlerinde hem dowam eder.

Ýedi ýylda ikinji gezek ýeňiji

Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň obanyň taryhyny öwreniş muzeýi welaýatymyzyň mekdep muzeýleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, bu bäsleşik umumybilim edaralarynda hereket edýän muzeýleriň terbiýeçilik işindäki ähmiýetini artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýokarda agzalan mekdepde hereket edýän muzeý «Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşikde mundan ýedi ýyl ozal hem ýeňiji bolupdy.

Akyldar şahyryň hormatyna

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen «Magtymguly Pyragy ― ähli döwürleriň şahyry» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Türkmenabat şäher häkimligi bilen bilelikde geçirdi. Dabaraly maslahat akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Onda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de bu maslahaty kabul ediji bilim ojagynyň wekilleri çykyş etdiler.

«Magtymguly sözlär tili türkmeniň...»

Magtymguly Pyragy türkmeniň at-owazasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrdyr. Ol H.Ferdöwsi, A. Nowaýy, S.Şirazy, A.Jamy ýaly Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini içgin öwrenip, ylym-bilim ýüküniň üstüni ýetirip, öz döwrüniň görgür gözi, owazly sesi, duýgur ýüregi hökmünde öňe çykýar. Akyldar şahyrymyz öz ýaşan döwrüne çenli ýazuwda giňden ulanylan arap-pars dillerinde däl-de, eýsem, türkmen dilinde ajaýyp şygyrlary döredip başlaýar. Onuň döredijiliginiň örüsi örän giň bolup, agzybir ýaşamak, bitewi türkmen döwletini gurmak meseleleri şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusy many-mazmuny, çeperçiligi hem-de döwrebaplygy babatynda şahyryň iň ajaýyp goşgularynyň biridir. Onuň saldamly setirleri gursagyňa mylaýymlyk bilen siňňitli ornaşýar. Goşgynyň tutuş durky — owazly dünýä. Göýä içine şeker-şerbet goşulan ýaly. Süňňüňe kuwwat berip, kalbyňy ýalkym bilen nurlandyrýar. Şygryň şu bendini mysal getireliň:

Daýhançylyk däpleri

Ata-babalarymyz öz rysgal-döwletini halal zähmetden, ene ýerden tapypdyrlar. Şeýle işleriň netijesinde uzak asyrlaryň dowamynda daýhançylygyň milli däpleri döräp, durmuşa ornaşdyrylypdyr. Ol däpler milli ýol-ýörelge akabasyna goşulyp, halk içinde dowam edip gelipdir. Milli ýörelgelere laýyklykda daýhanlaryň arasynda öz öndüren dänesiniň bereketli bolmagy niýet edilip, «Bugdaýymyz çörekläpdir» diýler ekeni. Bugdaýyň maýsa bolup başlandygyny ilkinji bolup kim buşlasa, oňa sowgat hökmünde keşdelenilen jambörük geýdirilipdir.* * *Suw damjasyny altyn dänesine deňän pederlerimiz ýagyş ýagyp durka, ýer-ýurduň bereketli bolmagy üçin ýagşy niýet bilen: «Goýnuň gözünden, düýäniň dyzyndan bolýança ýag» diýipdirler. Ýyla ýeter ýaly galla edinmek daýhanyň baş aladasy bolupdyr. Ine, bir günem pasly-döwran aýlanyp, ak meýdanlarda ak bugdaý, düýediş, tokmakbaş, gülap, ak zine, ak ýazlyk, gyzyl ýazlyk... ýaly bugdaýyň onlarça görnüşi ene ýeriň ak süýdüni eme-eme, bogunlanyp-beslenip ýetişýär. Şonda harman atan daýhanlarymyz «Çäjiňe bereket!» diýip, bol hasyly dileg edip, harmanyň gyzylyny ýüze sylmak bilen, bir-birini gutlaýarlar. * * *Bol ýetişen galla meýdanynyň bir gyrasyndan agzybirlik bilen girip, orak ormak halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň biridir. Ene ýere yhlas eden halkymyz täze harman alnanda, dograma, ýarma bişirip, harman toý etmegi ýa-da täze bugdaýdan ýagly peti

Pir-ussatlar goldaw berer her işde

Gadymy döwürlerden bäri döwlet dolandyrylyşynda kätiplik käri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Orta asyr türkmen döwletlerinde kätiplik weziriň wezipesi bilen deň derejede ähmiýetli hasaplanylypdyr. Çünki kätip syr saklamagy başarýan hojaýynyň iň ýakyn adamy hökmünde tanalypdyr. Kätibiň esasy işi haty owadan we düşnükli ýazmak bolupdyr. Kätipler hatyň ýazuwyna seredip, onuň kimiň galamyna degişlidigini bilipdirler.