Durky peleň, şir mysaly... (Türkmen alabaýy hakda kelam)

14 Noýabr 2023
803

Geçmişde türkmen alabaýlarynyň duýgurlygy, wepalylygy bilen dünýäniň alymlarynyň, syýahatçylarynyň ünsüni çekendigine taryh şaýatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň gelip çykyşy, taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.

Türkmen alabaýlarynyň tohumy nesilden-nesle geçip, häzirki güne çenli itşynaslar, seçgiçiler tarapyndan goralyp saklanypdyr. It – türkmen halkynda goraýjy häsiýeti bilen hem meşhurdyr. Bedew atlarymyzyň eýesine wepaly bolşy ýaly, alabaý itleri-de wepalylyk häsiýeti bilen öňe saýlanýan jandarlaryň biri. Alabaý iti eýesini, tutuş maşgala agzalaryny goraýar, şonuň üçin olar sakçy hem hasaplanýarlar.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.