Alaja nagşy

22 Noýabr 2023
913

Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän keşdeler türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen, onuň kalbyna gözellik çaýýar. Keşde çekmek türkmen gelin-gyzlarynyň her biriniň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Olar el işlerini gyz-gelinleriň üýşýän ýeri bolan ümelerde, oba bolup ýazlaga göçenlerinde, güzer başynda, jorasynyňka görme-görşe baranlarynda ýanlary bilen alyp gidipdirler. Keşdeleri ussat gelin-gyzlar geýimlerinde örän gelşikli, owadan edip ýerleşdirmegi ökdelik bilen başarypdyrlar. Dürli nagyşlar biri-birinden tapawutlanyp durar ýaly, olaryň arasyndan «alaja» nagşyny geçiripdirler. «Alaja» ak we gara sapaklar bilen ýerine ýetirilip, ol has göze ilgiç bolýar. Ähli el işlerimize-de gözellik çaýýar hem-de şol ajaýyp alaja, ýagny keşde alaja, gaýma alaja, basma alaja, köjüme alaja ýaly görnüşleriniň her biri el işlerimiziň görnüşlerine görä gelşirilip ýerine ýetirilýär. Alaja nagşyny gelin-gyzlarymyz gözden-dilden gorasyn diýen pikir bilen salypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny, iş guralyny sowgat bermegi türkmen halkymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, muzeý işgärleriniň buýsanjyny göge ýetirdi. Ogulabat ejäniň baldyzyna niýetläp tiken kürtesiniň, ören jorabynyň hem muzeýe tabşyrylmagy muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirmek bilen bir hatarda, biz — ýaşlara keşdeçilik sungatyny öwrenmeklige uly badalga berdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynda geçen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäginde Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň bu ýere gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezmegi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir.

Gunça SEÝIDOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.