Ýedi ýylda ikinji gezek ýeňiji

9 Noýabr 2023
930

Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň obanyň taryhyny öwreniş muzeýi welaýatymyzyň mekdep muzeýleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy.

Ýeri gelende aýtsak, bu bäsleşik umumybilim edaralarynda hereket edýän muzeýleriň terbiýeçilik işindäki ähmiýetini artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýokarda agzalan mekdepde hereket edýän muzeý «Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşikde mundan ýedi ýyl ozal hem ýeňiji bolupdy.

Nigara ÝULDAŞOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hukuk-gözegçisi.