Türkmen milli oýunlary

22 Noýabr 2023
645

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklara laýyklykda, döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesli akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Türkmen milli oýunlaryndan göz daňdy, aşyk, top ýaly oýunlara «Gorkut ata» eposynda, «Görogly» şadessanynda duş gelinýändigini bellemek möhümdir. Bu hem milli oýunlaryň irki döwürden gözbaş alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar. Olaryň ýaşlarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde täsiri uludyr. Şeýle hem ýaş nesli geljekki zähmete taýýarlamakda milli oýunlaryň belli bir derejede ähmiýeti bardyr.

Ogulsona ARAZMEDOWA,
Görogly etrabyndaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.