Göteriljek ykbaly öňünden gören

9 Noýabr 2023
1125

Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň almaz täjine deňelen Magtymgulynyň goşgularynda dabaralandyrylýan watançylyk we parahatsöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2014-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejeli dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýörite Karary esasynda, 2024-nji ýylda dana şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk senesi hem uly joşgun bilen ruhubelentlikde toýlanar. Bu dabaraly çäreleriň gerimi diňe bir şahyryň ata Watanynda däl-de, çawy ýaýran dünýä döwletlerinde hem dowam eder.

Şadyýan AŞYRALYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.