Alaja — arzyly sungat

21 Noýabr 2023
861

Çeper el işleri bilen meşgullanmak her bir halkyň zenan maşgalalaryna mahsusdyr. Şonuň üçin el işleriň ähli görnüşleri hem öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, zenanlaryň mährinden, duýgy gözelliginden, nepis döredijilik ukybyndan, ylhamyndan alyp gaýdýar. Türkmen zenanlary el hünäriniň köp görnüşleri, şol sanda alaja örmek, jähek çalmak, aldymgaç kakmak başarjaňlygy bilen tanalýar. Şolaryň arasynda alaja sungatynyň aýratyn orny bar.

Milli mirasymyz bolan alaja örmek, alaja işmek sungaty eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç geçip, olara aýratyn bezeg berýär. Isle, egin-eşiklerimize salynýan keşdedir nagyşlar bolsun, isle-de, owadan haly-kilimlerimiz, olaryň hiç birini hem alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Alajalaryň ýogyn we inçe işilýän, örülýän görnüşleri bolup, bu ölçegler olaryň nämä niýetlenendigi bilen baglydyr. Alajanyň nämährem nazardan goraýandygyna ynanan ene-mamalarymyz ony bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin hem ulanypdyrlar.

Gurbanjemal ÝAKUBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.