El hünäri — gözelligiň nusgasy

15 Noýabr 2023
812

Türkmen zenanlarynyň yhlasy siňip kemala gelen el işlerimiz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Sünnälenip, sungat derejesine ýetirilen el işlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly abraýa eýe bolýar. Halkymyzda zenan maşgalanyň eliniň işli bolmagy asylly däpleriň biridir. Maşgalada dünýä inen gyzjagaza hüwdi aýdylanda eýýäm onuň eliniň hünärli, çeper gyz bolup ýetişmegi arzuw edilýär:

Meniň gyzym otursyn,
Eline ýüwse ötürsin.
Akja keçäň üstünde
Gaýma gaýap otursyn...

Mahym ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.