«Magtymguly sözlär tili türkmeniň...»

8 Noýabr 2023
1943

Magtymguly Pyragy türkmeniň at-owazasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrdyr. Ol H.Ferdöwsi, A. Nowaýy, S.Şirazy, A.Jamy ýaly Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini içgin öwrenip, ylym-bilim ýüküniň üstüni ýetirip, öz döwrüniň görgür gözi, owazly sesi, duýgur ýüregi hökmünde öňe çykýar. Akyldar şahyrymyz öz ýaşan döwrüne çenli ýazuwda giňden ulanylan arap-pars dillerinde däl-de, eýsem, türkmen dilinde ajaýyp şygyrlary döredip başlaýar. Onuň döredijiliginiň örüsi örän giň bolup, agzybir ýaşamak, bitewi türkmen döwletini gurmak meseleleri şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusy many-mazmuny, çeperçiligi hem-de döwrebaplygy babatynda şahyryň iň ajaýyp goşgularynyň biridir. Onuň saldamly setirleri gursagyňa mylaýymlyk bilen siňňitli ornaşýar. Goşgynyň tutuş durky — owazly dünýä. Göýä içine şeker-şerbet goşulan ýaly. Süňňüňe kuwwat berip, kalbyňy ýalkym bilen nurlandyrýar. Şygryň şu bendini mysal getireliň:

Ören ATAKOW,
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.