Lebap halylarynyň nagyş aýratynlygy

23 Noýabr 2023
1003

Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda haly nagyşlary hakynda şeýle belläp geçýär: «Nagyşlary okap bolýandygyny hemmeler bilýärler. Ýöne ony okap bilýänler köp däl. Şonuň üçin bu dili bilmezden, halynyň «nagyşlarynyň ýazgysyndan» baş çykaryp bolmaýar». Türkmeniň kalby onuň dünýä beren bu ajap sungatyndaky syrly nagyşlarda öz beýanyny tapýar. Käbir bilermenler türkmen halysynyň nagyşlaryna Oguz han eýýamynyň harp ýazuwy diýseler, Gündogary öwreniji alym S.Dudin özüniň geçiren gözleg-barlag işleriniň netijesinde: «Türkmen halysynyň dokalyş we ýüpleriniň ulanylyş usuly, işiň ýokary derejede ýerine ýetirilişi, pars halylaryndan düýpli tapawutlanyp, onuň has gadymydygyny görkezýär. Türkmenlerde halyçylyk sungaty özbaşdak ösen sungat bolup, türkmen sährasyny, dagyny-düzüni haly çitimleriniň üsti bilen janlandyrýar» diýip belläp geçýär.

Ärsary haly dokmaçylygynda iki görnüşli, ýagny «beşir» gölsüz, «kerki» we «gyzylaýak» gölli halylar toparlary bar. Kerki halylarynyň merkezi meýdançasyna göl salynýar. Olara «gülli», «takyk», «sekizgoçak», «oňurga», «temirjen» ýaly göller degişlidir. Gyzylaýak halylarynyň düşegi goýy gyzyl bolup, merkezinde tegelek göller («temirjen» ýa-da «oňurga» göli) ýerleşdirilipdir. Garaöýliniň tagmasyna syn edenimizde, hakykatdan-da, göl özboluşly keýigiň şekiline meňzeýär. Şu sebäpli «keýikgöl» döräpdir diýip pikir edýäris. Bu nagyş häzirki döwre çenli Kerki etrabynyň sebitlerinde ýaşaýan türkmenleriň dokaýan halylaryna has mahsusdyr. «Gyzylaýak» göli ýaşyl tugumyzyň bezegidir. Bu gölüň gelip çykyşy gaty gadymydyr, Oguz han döwründen gaýdýandyr. Ýene-de bir aýratynlygy: bu nagyş atyň şekiline-de meňzeýär. Käbir bilermenler bu şekillerde atyň aýdyň şekilini görse bolýar diýip belleýärler. Hiç bir zadyň öz-özünden bolmaýşy ýaly, haly gölleri hem öz-özünden döremeýär, edil her bir adamyň adynyň bolşy ýaly, her bir gölüň öz ady bar.

Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, sungaty öwreniji.