Sanly bilim — täze başlangyçlara badalga
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň, alymlaryň ýaş nesliniň taýýarlanmagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy hem-de olarda täze ugurlaryň girizilmegi, sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu ugurda ädilen uly ädimler boldy. Sanly bilim ulgamy — bu bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmekdir, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermek we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamak üçin peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde ynsanyň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy diňe bir wag