Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä halklarynyň dillerini öwrenmäge uly üns berilýär. Pähimdar pederlerimiz ylmyň bir pudagy bolan dil bilimine aýratyn üns beripdirler. Olar dil bilen bagly atalar sözlerini döredipdirler. Dil öwrenmegiň türkmen halkynyň aňyrdan gelýän arzuw-islegidigini biz nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen bilýäris. «Görogly» şadessanymyzda Görogly beg Türkmeniň özüne 72 diliň aýan bolmagyny ýagşyzadadan isländigi aýdylýar. Şeýle-de biziň halkymyz çaga dünýä inenden, onuň aň-düşünjeli, bilimli, edep-ekramly bolup ýetişmegi üçin alada edipdir. Oguz han atamyzyň «Çagaňa dili manysy bilen öwret» diýen pähimi muňa şaýatlyk edýär. «Il agzy — keramat», «Dil bilmeziň ömri zaýa», «Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez», «Dilim bar — dünýäm bar», «Dil gylyçdan ýiti» ýaly atalar sözleri, pähimler halkymyzyň diliň güýjüne uly sarpa goýýandygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Dil milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr» diýip belleýär.
Dil adamzat aragatnaşygynyň serişdesi hasaplanýar. Islendik hünärde zähmet çekýän adam üçin diliň gadymy sözlerini bilmek, manysyna düşünmek gymmatly hazynadyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany biziň üçin terbiýe mekdebidir. Eserde ene dilimiziň gadymy sözleri köp duş gelýär. Romandan manydaş, kökdeş sözleri öwrenýärsiň. Bu bolsa her birimiziň, ilki bilen, öz ene dilimizi kämil öwrenmelidigimizden habar berýär.