Netijeli usullar

15 Awgust 2021
981

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň orta mekdeplerine iň kämil kompýuterler we döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sapaklary döwrebap usullarda geçmek, ýaşlara kämil bilim bermek mümkinçiligi döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlara daşary ýurt dilleri hem öwredilýär. Esasan hem iňlis dilini okuwçylara öwretmegiň iň kämil usullary ulanylýar. Şunda lingafon otaglarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki okuwçylar käbir sözleri eşitmek bilen, olaryň dogry aýdylyşyny ýatda saklaýarlar. Şonuň üçin hem olara iňlis dilinde dürli sözleri we sözlemleri diňletmek oňat netije berýär. Olar bu sözleri tiz ýatda saklaýarlar, mugallymyň iňlis dilinde aýdýan sözlerini hem tiz öwrenýärler. Bu bolsa geçilýän sapagyň netijeliligini artdyrýar.

Häzirki wagtda dil öwretmegiň ugurlary, usullary barha ösdürilýär. Şonuň üçin ylmy edebiýatlara ýüzlenenimizde, dil öwretmegiň birnäçe usullaryna gabat gelýäris. Biz kämil usullaryň iň gowusyny saýlap almalydyrys. Bu babatda bilim işgärlerimiziň, mugallymlaryň hem tejribesiniň bardygyny belläsimiz gelýär. Multimedia tagtalarda prezentasiýalardan we görkezme esbaplardan peýdalanyp guralýan sapaklar aýratyn bellärliklidir. Bu usul hem okuwçylaryň iňlis dilini öwrenmeklerini ýeňilleşdirýär. Daşary ýurt dilleriniň ses ýazgylary, dürli şekiller ýaşlaryň dil öwrenmekleri üçin ýeňillik döredýär. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça kitaplar, sözlükler ýakyn gollanmamyz bolup durýar. Döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlara dil öwretmekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Arzygül BALKANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 8-nji orta mekdebiň mugallymy.