Bilim — ösüşleriň binýady

10 Awgust 2021
829

Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar. Jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolan adamyň aň-bilim taýdan ösüşi we kämilligi gowy bilimli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent şahsyýetleriň kemala gelmegini üpjün edýär.

Okatmagyň interaktiw usullaryny işjeň ornaşdyrmak, Internetiň ählumumy ulgamynyň maglumatlar serişdeleriniň ýaşlara elýeterliligini giňeltmek ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek wezipelerini täze derejä çykardy. Ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi umumy orta bilim berýän ulgamyň ösdürilmeginde has-da täsirli güýje eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, täze gurlup ulanmaga berlen mekdepleriň hemmesi multimediýa enjamlary bilen üpjün edilendir. Merkezlerde däl, eýsem iň çetki etraplarda hem gurlan täze mekdeplerde döwrebap okuw-terbiýeçilik enjamlary, interaktiw usulda sapak alyp barmaga niýetlenen elektron tagtalar, ulgamlaýyn kompýuterler ornaşdyrylandyr. Dürli daşary ýurt dillerini, şeýle hem takyk ylym derslerini çuňlaşdyrylan usulda öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň peýda bolmagy çagalara berilýän bilimiň durmuşyň talaplaryny ödemegini şertlendirýär. Ine, şeýle maksatnamalaýyn işler öz mynasyp netijelerini hem berýär.

Sona GULMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki matematika we informatika derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň matematika mugallymy.