Bilim — ösüşleriň binýady

11 Awgust 2021
852

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim almagyna gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymly-bilimli, sagdyn hem-de berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly ünsüň berilmegi ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Hawa, güneşli Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir tutumly işiň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda ylmyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bagtly çagalygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa bizi — mugallymlary has-da buýsandyrýar.

Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy.