Synaglar dowam edýär

6 Awgust 2021
904

Her ýylyň iýul — awgust aýlarynyň gelmegi bilen ýokary okuw mekdeplerine giriş synag döwri başlanýar. Öz hakyky ukyp-zehiniňi, ugurtapyjylygyňy, gymmatly wagtyňa nähili garaýandygyňy, geljege tarap özbaşdak ädim ätmäge taýýardygyňy görkezýän pursat şu. Synag möwsümi döwründe goşmaça taýýarlanmagyň, ozalky okanlaryňy berkitmegiň zerurlygy näçe ýokary bolsa-da, ruhy goldaw berýän, dürlüçe ahwallardan halas bolmagy ündeýän edebi döredijilik eserlerini, pikirlerini okamagyň hem ýardamy uludyr. Olaryň käbirlerini dalaşgärler bilen paýlaşmagy makul bildik.

► Bir işi başaryp biljegiňize-de, bilmejegiňize-de ynansaňyz, siz mamlasyňyz.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.