"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Beýik işleriň beýany

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň senagat we önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezmäge niýetlenen bu wirtual sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşlerini öz içine alýar. Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň batly depginler bilen yzygiderli kuwwatlanýan ykdysadyýeti maýadarlary çekmäge, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmäge mümkinçilikleri döredýär. Dünýäde parahatçylyga, dost-doganlyga we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty bilen tanalýan ýurdumyza halkara giňişliginiň gyzyklanmasy barha artýar. Innowasion tehnologiýalaryň ähli pudaklara batly depginler bilen ornaşdyrylýan döwründe bu gezekki serginiň wirtual görnüşde guralmagy sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň geriminiň barha giňelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bitaraplyk — bagtymyzyň ganaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl şanly seneleri, toýdur baýramlary bilen agzybir halkymyzyň göwün guşuny al-asmana göterýär. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyz üçin erkinligiň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, asudalygyň baýramydyr. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan we uly gyzyklanma bildirilen üstünlikli syýasy diplomatiýasy bolup, häzirki we geljekki ösüşlerimiziň rowaçlanmasyna aýdyň ýollary açýar.

Mizemez gymmatlyk

Gahryman Arkadagymyzyň asylly zähmeti, taýsyz tagallalary esasynda täze ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda amala aşyrylýan medeni hem-de aň-bilim özgertmeleriniň ykdysady we durmuş ulgamlary bilen mäkäm sazlaşmagy netijesinde gazanylýan ägirt uly taryhy ösüşlerimiz bütin halkymyzyň buýsanjyna, abadan, asuda, kuwwatly Watan hakyndaky arzuwlarynyň hakykat ýüzündäki dabaralanmasyna öwrülýär.  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bu gün dünýäde iň bagtyýar, iň asuda döwlet hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Watana bolan söýgüsini başyna täç edýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli mertebesiniň, ýurdumyzyň şan-şöhratynyň arzyly belentliklere tarap barha ýokary göterilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Türkmenistan bu gün milli Liderimiziň ynsanperwer, hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde asylly maksatlaryň, hoşniýetli arzuwlaryň amala aşýan, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarly ýurt hökmünde tanalýar.

Baýramçylyk öwüşginli Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesini, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabara bilen belläp geçdi. Bu gün bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly täze taryhynyň altyn harplar bilen ýazylýan eýýamynda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň binagärlik dürdänesine öwrülen Aşgabat bu gün parahatçylyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Watanymyzyň, merjen paýtagtymyzyň bedew batly ösüşleri ähli halkymyzy buýsandyrýar, guwandyrýar. Häzirki wagtda paýtagtymyz tutuşlygyna baýramçylyk lybasyna beslendi. Ak şäherimiziň islendik künjegine göz aýlanyňda hemişelik Bitaraplygymyzy dabaralandyrýan şygarlara, «Baýramyňyz gutly bolsun!», «Bitarap Türkmenistana 26 ýyl» ýaly ýazgylara duşmak bolýar. Olar ýurdumyzyň goşa ganatynyň biri bolan baky Bitaraplygymyzyň halkymyz üçin möhüm ähmiýetini açyp görkezmek bilen ildeşlerimiziň toý şatlygyny, ýürek buýsançlaryny artdyrýar.

Parahatçylygyň nurana ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljek ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşine bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna buýsanjyň artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwleti, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwleti tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň toýy eziz Diýarymyzy şatlyk-şowhuna, aýdym-saza besläp, bagt mukamyny ýaňlandyryp, kalplarymyza ylham, joşgun paýlap geldi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda dabaralanýan toýlaryň owazy dünýä ýaň salýar. Agzybir halkymyza asman asudalygyny bagtyýarlygy bagyş eden Bitaraplyk külli türkmeniň aňyna, kalbyna ornan iň gymmatly mukaddeslikdir. Şol mukaddesligiň goýnunda Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň binýadyny berkden tutdy. Bitaraplygyň goýnunda il-günümiziň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy.

Watanym bar

Oguz hanyň gaýratyndan bagt daňy atanym bar, Gorkut ataň paýhasyndan asyrlara ýetenim bar,

Seneleriň seresi

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, şeýle-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak: Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň başlygy Gadam Ilamanow, TDEI--niň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Tahyrow, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Seýitmyrat Atamyradow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary şäheriniň şäher kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Gülbahar Nazarowa, şeýle-de Murgap etrabynyň bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Kak

Şanly toýuň hormatyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça düýpli ösüşler, özgerişler gazanylýar. Batly gadamlar bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşa geçirilýän belent maksatnamalar, ösüşlerdir özgerişler bilen rowaçlygyň, gülleýşiň ýurduna öwrülýär. TDP-niň Ýolöten etrap komitetinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow açdy we alyp bardy. Onda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa çykyş edip, maslahata gatnaşyjylary, TDP-niň ähli agzalaryny hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni, TDP-niň döredilmeginiň hem 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Toýly günleriň ýaraşygy

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň egsilmez ýakymy bilen gurşalan mähriban Watanymyzyň paýtagtynyň nurana keşbinde toý ruhuny duýmak bolýar. Mahmal howasy melhem bolup kükrege dolýan, nurana keşbi hemişe toý zynatyna beslenen ak mermerli Aşgabady bu lybasda görmek has-da ýakymly. Gözellikde dünýä nusgalyk paýtagtymyzyň haýsy künjegine ser salsaň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toý gutlaglary bilen birlikde, barha ýakynlaşýan Täze ýylyň öwüşginleri ýalkym saçyp görünýär.

Ýollary birleşdirýän şaýol

Beýik işlere badalga bolýan seneler hiç wagt ýatdan çykmaýar. Olar edil gymmatbaha daşlaryň adaty daşlardan saýlanyşy kimin, senenamadan bölünip aýrylýar-da, taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry hem şeýle seneleriň biri boldy. Bitaraplyk bu gün parahat ýaşaýşymyzyň girewi. Durnukly ösüş ýoluna düşen Diýarymyz ýagşy işleriň rowaçlanýan ýurduna öwrüldi. Bir akyldar: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýipdir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde ikinji gezek kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagty ugrundaky uly aladalarynyň miweleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýen kitabynda: «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde hemişelik Bitaraplyk dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly halkara gurşawyň döredilmegine ýardam berdi we içerki syýasy durnuklylygy şertlendirdi. Gapma-garşylyksyz ösüşiň we umumymilli bitewüligiň, parahat we abadan durmuşda ýaşamagyň şertleri döredildi. Bu bolsa bagtyýar durmuşda ýaşaýan adamlaryň aňyýetini ösdürdi» diýip bellemegi-de, halkymyzyň häzirki ýeten belent derejesini häsiýetlendirýär.

«Altyn asyr» arany açýar

Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynda 10-njy tapgyrda 6 gol geçirildi. Sanawyň lideri «Altyn asyr» öz meýdançasynda «Şagadamdan » 1–0 üstün çykdy. Duşuşygyň ýeke- täk goluny 66- njy minutda Myrat Annaýew derwezä girizdi. «Energetik » bilen «Ahalyň » arasyndaky oýunda hasap açylmady. «Nebitçi » bilen «Köpetdag » toparlarynyň arasyndaky oýunda- da ýeňijini bir gol kesgitläp, paýtagtlylar Begenç Akmämmedowyň ýeke- täk goly bilen 1–0 ýeňdi. Tapgyryň iň golly duşuşygynda «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabat » toparyndan 4–0 üstün çykdy. Duşuşykda Begenç Alamow (2), Pirmyrat Gazakow hem-de Mukam Nazzyýew tapawutlandy. 10-njy tapgyrdan soň utugyny 24-e çykaran «Altyn asyr» topary arany açyp başlady. Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Elman Tagaýew («Ahal») 8 gol bilen birinji basgançakda barýar.

Bitaraplyk – buýsanjymyz

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­lan Ga­raş­syz­lyk eý­ýa­my­nyň gel­me­gi hal­ky­my­zyň ba­şy­ny gö­ge ýe­tir­di, Bi­ta­rap­lyk bol­sa kö­ňül ar­zu­wy­ny gül­let­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz yla­la­şy­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan beý­le­ki döw­let­ler bi­len dost­luk, bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, bi­rek-bi­re­ge ynam et­mek, öza­ra ýar­dam ber­mek esa­syn­da gat­na­şy­gy­ny ös­dür­ýär we köp ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy se­bit­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­di.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Wa­ta­ny­myz BMG-niň mün­be­rin­den dün­ýä ýü­zü­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty esa­syn­da hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­nyň ke­pil­len­di­ril­me­gi, da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­li­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem ýur­du­my­zyň iň­ňän baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­jy­la­ry­ny özü­ne çek­ýän­li­gi oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.Yn­ha, tu­tuş

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndan:

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşuçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir. * * *

Bitaraplyk — ösüşleriň özeni

Her bir güni ösüşlerden doly zamanamyzyň keşbi barada gürrüň açylanda hemişelik Bitaraplygymyz baradaky pikirler öňe çykýar. Sebäbi edil mukaddes Garaşsyzlygymyz ýaly, hemişelik Bitaraplygymyz hem ähli başlangyçlarymyzyň badalgasy. Hut şonuň üçin-de hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň halkymyzyň ykbalyna eden gudratly täsiri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Bu ajaýyp syýasaty ganat edilip geçilen 26 ýylyň dowamynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda täze belentlikleri nazarlaýan, ynsanyýetiň ykbalynda oňyn özgerişlikleri emele getirmäge gönükdirilen başlangyçlara beslenen menzilleri geçdi. Şonuň netijesinde hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki orny artdy. Şeýlelikde, bu günki gün Türkmenistan Watanymyz dünýä ýüzünde parahatçylyk gatnaşyklaryny birleşdirýän köpri hökmünde ykraryýetiň eýesi boldy. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden başlap dünýä döwletleri, halkara jemgyýetçiligi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup başlady. Şol ilkinji menzilleriň şanly seneleriniň biri-de 1992-nji ýylyň 2-nji martydyr. Ýagny, şol gün dünýäde iň uly we abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygtyýarly agzalygyna kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilmegini alamatlandyrdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy

Halk bähbidini nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň paýhasyna hem-de tejribesine ýugrulan milli ýörelgelerimize we däp-dessurlarymyza esaslanyp durmuşa geçirýän parasatly içeri we daşary syýasaty Türkmenistany dünýäniň iň bir uly depginler bilen öňe barýan ýurtlarynyň hataryna goşdy. Milli Liderimiziň ähli babatda halkyň bähbidini nazarlap durmuşa geçirýän özgertmeleri, başlangyçlary biziň asuda, agzybir hem bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barha kämilleşýän we özgerýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini, agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmegiň ýolundaky möhüm ädimdir. Şol ädimleriň şowlulyklara beslenmegi netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi we Halk Maslahaty döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde biz bagtyýar durmuşyň hözirini her ädimimizde görýäris. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 4-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenilip taýýarlanylan birnäçe

Bitaraplygyň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiziň belent üstünliklere beslenýän dost-doganlyga ýugrulan daşary syýasatynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy onuň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde häsiýetlendirilýär. Halkymyzyň kalbynda iň bir mukaddes düşünjeleriň biri hökmünde orun alan baky Bitaraplyk ýörelgesi ösüşiň, özgerişiň täze mazmunyny emele getirýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we parasatly daşary syýasaty sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, ähli halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyz hoşniýetli Bitaraplyk syýasatymyzy dünýä ýaýmak bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň, çylşyrymly meseleleri ylalaşykly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Ba­ky bagtyýar­ly­gyň şug­la­sy

Hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, yna­nyş­mak, ag­zy­bir­lik, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär. Ber­ka­rar ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän aja­ýyp ýö­rel­ge­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­me­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň BMG-niň be­lent mün­be­rin­den öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry, tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aýan ed­ýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny aýdyň beýan edýär. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de 12-nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şeý­le ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi türk­men döw­le­ti­niň ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­di.

Hoşniýetlilik ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimiziň daşary syýasaty türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýar. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesinde taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Milli Liderimiziň

Beýik maksatlaryň ykrarnamasy

Parahatçylyk, ynanyşmak ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin ilkinji zerurlyklaryň biridir. Ynanyşmagyň bar ýerinde hormat, sarpa bar. Ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgeleri ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Abadançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň taglymatlarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň giň göwrümli, aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa ýetirýär. Türkmenistan BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Baky Bitaraplygymyz türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goňşy we beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, Watanymyz dünýäde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe boldy.