Parahatçylygyň nurana ýoly

10 Dekabr 2021
1134

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljek ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşine bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna buýsanjyň artýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwleti, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwleti tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.