Bitaraplygyň ýalkymy

9 Dekabr 2021
1463

Hormatly Prezidentimiziň belent üstünliklere beslenýän dost-doganlyga ýugrulan daşary syýasatynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy onuň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde häsiýetlendirilýär. Halkymyzyň kalbynda iň bir mukaddes düşünjeleriň biri hökmünde orun alan baky Bitaraplyk ýörelgesi ösüşiň, özgerişiň täze mazmunyny emele getirýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we parasatly daşary syýasaty sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, ähli halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyz hoşniýetli Bitaraplyk syýasatymyzy dünýä ýaýmak bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň, çylşyrymly meseleleri ylalaşykly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.