Bitaraplyk — bagtymyzyň ganaty

10 Dekabr 2021
1100

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl şanly seneleri, toýdur baýramlary bilen agzybir halkymyzyň göwün guşuny al-asmana göterýär. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyz üçin erkinligiň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, asudalygyň baýramydyr.

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan we uly gyzyklanma bildirilen üstünlikli syýasy diplomatiýasy bolup, häzirki we geljekki ösüşlerimiziň rowaçlanmasyna aýdyň ýollary açýar.

Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.