«Altyn asyr» arany açýar

10 Dekabr 2021
1108

Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynda 10-njy tapgyrda 6 gol geçirildi. Sanawyň lideri «Altyn asyr» öz meýdançasynda «Şagadamdan » 1–0 üstün çykdy. Duşuşygyň ýeke- täk goluny 66- njy minutda Myrat Annaýew derwezä girizdi. «Energetik » bilen «Ahalyň » arasyndaky oýunda hasap açylmady. «Nebitçi » bilen «Köpetdag » toparlarynyň arasyndaky oýunda- da ýeňijini bir gol kesgitläp, paýtagtlylar Begenç Akmämmedowyň ýeke- täk goly bilen 1–0 ýeňdi. Tapgyryň iň golly duşuşygynda «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabat » toparyndan 4–0 üstün çykdy. Duşuşykda Begenç Alamow (2), Pirmyrat Gazakow hem-de Mukam Nazzyýew tapawutlandy. 10-njy tapgyrdan soň utugyny 24-e çykaran «Altyn asyr» topary arany açyp başlady. Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Elman Tagaýew («Ahal») 8 gol bilen birinji basgançakda barýar.