Ýollary birleşdirýän şaýol

10 Dekabr 2021
1083

Beýik işlere badalga bolýan seneler hiç wagt ýatdan çykmaýar. Olar edil gymmatbaha daşlaryň adaty daşlardan saýlanyşy kimin, senenamadan bölünip aýrylýar-da, taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry hem şeýle seneleriň biri boldy. Bitaraplyk bu gün parahat ýaşaýşymyzyň girewi. Durnukly ösüş ýoluna düşen Diýarymyz ýagşy işleriň rowaçlanýan ýurduna öwrüldi. Bir akyldar: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýipdir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde ikinji gezek kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagty ugrundaky uly aladalarynyň miweleriniň biridir.

Döwlet Baştutanymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýen kitabynda: «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde hemişelik Bitaraplyk dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly halkara gurşawyň döredilmegine ýardam berdi we içerki syýasy durnuklylygy şertlendirdi. Gapma-garşylyksyz ösüşiň we umumymilli bitewüligiň, parahat we abadan durmuşda ýaşamagyň şertleri döredildi. Bu bolsa bagtyýar durmuşda ýaşaýan adamlaryň aňyýetini ösdürdi» diýip bellemegi-de, halkymyzyň häzirki ýeten belent derejesini häsiýetlendirýär.

Maksatmyrat ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.