"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen

Halkymyz gallany azyk önümleriniň naýbaşysy, saçaklaryň berekedi, abadançylygyň baş şerti hasaplaýar. Çörege mukaddeslik hökmünde garalýandygyna gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu möhüm mesele ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli çözülýär. Türkmen daýhanlary ýylyň-ýylyna ene toprakdan bol galla ýygnaýarlar. Şeýle il-ýurt bähbitli işe etrabymyzyň babadaýhanlary saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky tutumlary has-da belent. Ussat gallaçylarymyz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçiljek ýylynda etrabymyz boýunça 27766 gektar meýdana ekilen ak ekinden Watanyň uly harmanyna 72870 tonna galla tabşyrmagy özlerine belent borç edindiler. Guşgursak bugdaýyň bolçulygyny döretmek işinde daýhanlarymyza döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylyp durulmagy, oba hojalyk pudagynyň önümçilik-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ýer eýeleriniň dökün, suw, himiki gorag serişdeleri bilen doly üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň elýeterli bolmagy üstünlikleriň berk binýadyny emele getirýär. Şeýle çemeleşme oba adamlarynyň bereket bolçulygyny döretmäge bolan höweslerini has artdyrýar. Munuň şeýledigine ýetip gelýän galla oragyna taýýarlyg

Bir etrapdan iki habar

Şaly ekişi gyzgalaňly barýar Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanyp gelýärler. Munuň özi olaryň bu ugurda gaýratly zähmet çekip, her bir derwaýys çäräni öz wagtynda hem-de ýokary hilli berjaý etmekleriniň berýän miwesidir.

Altyn öwsüp bugdaý bişdi

Maý aýynyň ortalarynda bişip başlaýan altyn başly bugdaýyň birnäçe sortlary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine kemsiz uýgunlaşmak bilen, daýhanyň yhlasyna görä bol hasyl eçilýär. Olaryň arasynda öz alymlarymyzyň döreden «Garaşsyzlyk», «Sähraýy», «Bagtyýarlyk», «Bitarap», «Galkynyş» we «Berkarar» atly sortlary birnäçe ýyllaryň dowamynda ekilip, olar hasyllylyk, dürli kesellere çydamlylyk babatda beýlekilerden artyk bolmasa, peslär ýaly däl. Şol bir sortuň şol bir ýere yzygiderli ekilmegi hasyllylygyň peselmegine getirýär. Mundan ötri, ýurdumyzda çalşyp ekmek üçin indi birnäçe ýyldan bäri Russiýa Federasiýasyndan bugdaýyň täze-täze sortlary satyn alynýar. Olardan «Batko», «Wasso», «Ýuna» toprak-howa şertlerimize öwrenişmek bilen, indi on ýyldan gowrak wagt bäri oňat netije berýär. Tohumçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarda her ýylda bu sortlaryň on müňlerçe tonnasy taýýarlanyp, tohumlyk üçin kabul edilýär. Geçen ýyl ýene-de Russiýadan täze sortlar tohumlyk üçin satyn alyndy. «Alekseýewiç» we «Bezostyý — 100» atly sortlar Lebap welaýatynda jemi 27 müň gektardan gowrak ýere ekildi. Iň guwandyryjy ýeri-de, olary daýhanlar uly höwes bilen kabul etdiler. Şeýlelikde, Çärjew etrabynda 6277, Halaç etrabynda 6196, Dänew etrabynda hem 5223 gektara bu täze sortlar ekildi. Bu sortlaryň eçilen hasyly bilen gyzyklanyp, ýakynda «Lebapgalla» önümçilik birleşiginiň hünärmenlerinden düzülen topar w

Gök bazaryň gyzgalaňy

Baharyň has maýyl gelmegi, ylaýta-da, soňky ýyllara mahsus bolan çygly-çigrek günlerden çogly-güneşli çaglaryň agdyklyk etmegi miweli baglaryň bol gülläp, gülleriň bolsa galabasynyň miwä öwrülip, özem adatdakylaryndan ir bişip ýetişmegine getirdi. Şeýdibem, eýýäm aprelde bazara çykarylan irki eriklerden ilat doýagarna iýip, hatda ondan mürepbedir şire-şerbet gaýnadan maşgalalar az däl. Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynyň kärendeçi telekeçisi Nurmyrat Nazarow miweleriň şeýle ir ýetişmeginiň 20 güne barabar bolandygyny aýtsa, onuň obadaşy Annaly Hojammedow eýýäm dag etegindäki melleginde ýetişen erigi Gökdepäniň «Ak bazaryna» çykaran ekeni. Ýogsam bolmasa, Sekizýabyň boýundaky bu salkyn jülgede tomsa ýetmän bişýän zat ýok. Bazarlarymyza, öňki ýyllarda bolşy ýaly, hemişe ir bişip ýetişýän «Lebap» erikleri hem ozalkylaryndan has ir getirilip, bahalaryň arzanlygyna gönüden-göni täsir etdi. Erikler hem şirin, hem ter. «Iň ilki ir bişýär» diýilýän, maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýän ýerli «Babarap almasy» hem maýyň başlaryndan bazara çykdy.

Galla biziň baýlygymyz

Baharyň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ygşyldap oturan belent başly, dok däneli ak bugdaýly meýdanlary göreniňde, gözüň dokunýar. Ýylyň dowamynda der dökülip, azap çekilip ýetişdirilen bol hasyly isripsiz ýygnamakda, daşamakda, saklamakda köp tagallalar gerek. Şolaryň  biri hem galla hasylyny ýangyn howpundan goramakdyr. Ilki bilen, oba hojalyk kärhanalaryna degişli bolan ýolbaşçylaryň, kärendeçileriň, mülkdarlaryň we beýleki degişli işgärleriň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň berýän tabşyryknamalaryny we maslahatlaryny ýerine ýetirmekleri hökmanydyr. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk ulaglary ilkinji zerur bolan ýangyn söndüriji serişdeleri bolan ot söndüriji, pil, keçe bilen üpjün edilmelidir. Olaryň tüsse çykaryjylary uçgun söndüriji bilen üpjün edilip, ýangyn howply çäklere girenlerinde tüsse çykara dakylmalydyr. Uçgun söndüriji serişdeleri öz wagtynda gurumlardan arassalap durmalydyr. Oba hojalyk kärhanasynyň ýolbaşçysy hasyl ýygymyna gatnaşjak tehnikalaryň ýangyn howpsuzlygyna we ýangyna garşy göreş çärelerine taýýarlygyna ýörite jogapkär adamlary bellemeli we şol adamlar tarapyndan galla ýygymyna gatnaşýan ähli tehnikalaryň mehanizatorlarydyr sürüjileri bilen ýangyn howpsuzlygy hem-de ýangyna garşy göreş çäreleri barada gönükdiriş işlerini geçirilmegini guramaly. Eger-de gönükdiriş çärelerine gat

Ýokary depginde taýýarlyk görülýär

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri häzirki wagtda bugdaý oragynda ulanyljak däne ýygnaýjy kombaýnlary we olaryň gurallaryny abatlamak,  möwsüme doly taýýar halatyna getirmek boýunça degişli işleriň jemleýji tapgyryny ýokary depginde alyp barýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda etrap boýunça 2 müň 500 gektar ýerde kemala getirilen bugdaýyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnamak üçin  «John Deere» hem-de «CLAAS» kysymly ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlarynyň 82 sanysynyň, şeýle hem olara tehniki taýdan hyzmat etjek tehnikalaryň, däne daşajak ulaglaryň möwsümde doly saz işledilmegi göz öňünde tutulýar. Kärhanada möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary üçin zerur ätiýaçlyk şaýlar, tigirler, çalgy ýaglary taýýar edilip, ätiýaçda saklanmagy galla oragynyň gysga wagtda we ýokary guramaçylykly geçmegine şert döreder.

Toprak berekede beslenýär

Daýhanlarymyzyň arly ýyllap çeken yhlasly zähmeti tüýs ýerine düşdi. Ekin meýdanlarynda bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdi. Etrabymyzyň gallaçylary hormatly Prezidentimiziň ak bugdaýy bol öndürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerinden ruhlanyp, tutanýerli işleýärler. Şonuň netijesinde geçen güýzde bugdaý ekilen 2800 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly synlanyňda, 5300 tonnalyk sepgidiň abraý bilen eýeleniljekdigine ynamyň berkeýär. Etrabymyzda daýhan birleşikleriniň üçüsi bolup, olaryň agzalary ene topraga mähir-yhlasyny siňdirip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Janypkeş daýhanlaryň arasynda ekinlerden ýokary hasyl alyp, döwlet sylagyna mynasyp bolanlar hem az däl. Şeýle gaýratly adamlaryň hatarynda «Lebap» daýhan birleşiginden Rozaý Adaýewa, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden Aýna Jumadurdyýewa ýaly ussat kärendeçilerimiz bar. Olaryň ikisi-de Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Şeýle ussat ýer eýeleriniň birleşen tagallalary bilen bereket akabasy dolup akýar, nygmat bolçulygy döredilýär. Şunuň ýaly guwandyryjy ýagdaý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýer eýelerini giňden goldamagy, olara ýakyndan hemaýat-goldaw bermegi netijesinde ýüze çykýar.

Ýüpekçileriň yhlasly zähmeti

Mary welaýatynyň ussat ýüpekçileri döwletimiziň dokma pudagy üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky asylly işe işjeň goşuldylar. Ýylyň-ýylyna piläniň ýokary hilli hasylyny ýetişdirýän ýüpekçilere Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 11 müň guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Ýüpekçiler 2023-nji ýylda 440 tonna ýokary hilli pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda Sakarçäge etrabynda hem döwlete pile tabşyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ussat ýüpekçileri 28 kilogram gurçuk tohumyndan 59 tonna ýokary hilli pile hasylyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Arzyly sepgide ýetmek üçin, möwsümiň öň ýanynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça baý iş tejribesi bolan ussat ýüpekçi maşgalalar bilen özara şertnama baglaşyldy. Ýüpek gurçuklaryny ýeterlik iýmitlendirmek maksady bilen, tut agaçlarynyň ätiýaçlyk gory döredildi. Daýhan birleşiklerinde, hojalyklarynda we hususy kärhanalarda idedilýän ýüpek gurçuklary tejribeli hünärmenleriň gündelik üns-aladasy bilen gurşalyp alynýar. Hünärmenleriň ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek, olary kadaly iýmitlendirmek boýunça berýän gymmatly maslahatlary ýüpekçiler üçin goldaw bolýar. Ýüpekçi kärendeçileriň ýokary hilli gurçuk tohumy bilen üpjün edilmegi, agrotehnikanyň talaplarynyň doly berjaý edilmegi, tut ýapraklaryndan tygşytly hem netijeli peýdalanylmagy

Tehnikalar daýhan daýanjy

Ýer eýeleri üçin möhüm möwsüm ýetip gelýär. Welaýatymyzyň bereketli hasylyň kemala gelendigini buşlaýan altynsow meýdanlary gallaçy kärendeçileriň tutanýerli zähmetiniň ýerine düşendigini, ene topraga siňdirilen yhlasyň rysgal-berekede öwrülendigini äşgär edýär. Geçen ýylyň güýzünde ene topraga süýji arzuwlar bilen sepilen bugdaýyň bereketli tohumyndan ýetişdirilen hasyl daýhanlarymyzyň öňde goýan belent maksatlaryna üstünlikli ýetjekdiklerini-de aýdyň görkezýär. Bu gün daýhan bilen söhbetdeş bolsaň: «Nesip bolsa, ýene-de bol hasyl ýygnarys!» diýen sözleri eşidýärsiň. Hawa, welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary 130 müň gektar meýdanda 310 müň tonna azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Ak ekiniň ussady

Gowaça ekişini üstünlikli tamamlan, şu günler ýekelew we bejergi geçirýän daýhanlaryň öňlerinde ýene bir jogapkärli möwsüm dur. Ol hem ýetişdirilen bugdaýyň hasylyny ýitgisiz we wagtynda ýygnap almak hem-de ony kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmakdyr. Altynsow galla meýdanlaryna nazaryň düşende, daýhanlaryň bu möwsüme hem taýýarlykly barýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Çärjew etrabynyň «Ýassydepe» daýhan birleşiginiň gallaçylary hem şu ýyl bugdaýyň bol hasylynyň düýbüni tutdular. Hojalygyň 13-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Aýgül Jumaýewanyň öz kärende ýerinde ýetişdiren guşgursak bugdaýynyň bol hasyly hem gözüňi dokundyrýar. Bu ýerde bolanymyzda, kärendeçiler Aýgül Jumaýewanyň iň göreldeli hem tejribeli daýhanlaryň biridigini uly buýsanç bilen bellediler. Ol 70 ýaşy arka atandygyna garamazdan, önjeýli zähmet çekmegini dowam etdirýär. 14 ýaşyndan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýän Aýgül Jumaýewa zähmet ýolunda ekinlere garaşyk etmegiň baý tejribesini toplaýar. Ol häzir diňe bir öz kärende ýerindäki bugdaýa garaşyk etmek bilen çäklenmän, ýaş daýhanlara halypaçylyk hem edýär. Şeýlelik bilen halypa daýhan kärendeçiler toparynyň umumy netijeleriniň hemişe ýokary bolmagyna hem özüniň goşandyny goşýar. Üstümizdäki ýylda ol öňünde goýlan wezipäni artygy bilen berjaý etjekdigini ynam bilen aýdýar. Ol bolsa az-küç däl. Özüne berkidilen her gektardan 43 sentnerden dä

Belent sepgit eýelendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylynyň öndürilmegine netijeli çemeleşilýär. Gadymy Murgap jülgesiniň ussat ýüpekçileri her bir güni zähmet üstünliklerine besläp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýokary netijeleriň eýesi bolup, zähmet ýeňşini gazandylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelip, 440 tonnadan gowrak pile hasylyny taýýarladylar we Watanymyzyň kümüş çäjine öz mynasyp goşantlaryny goşdular.

Ýüpekçilik

Ak piläniň bereketli hasyly Welaýatymyzyň öz kesbine ussat ýüpekçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde yhlasly zähmet çekmek bilen, kemala getiren bereketli pile hasylyny öz wagtynda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy dowam etdirýärler. Şonuň netijesinde kabul ediş bölümlerindäki ak piläniň möçberi günsaýyn artýar.

Galla — 2023

Möhüm möwsüme taýýarlyk Welaýatymyzyň babadaýhanlary, bu ugra dahylly edara-kärhanalarynyň işgärleri şan-şöhrata beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görmäge gönükdirilen derwaýys aladalara irki möhletlerde girişip, onuň ýokary depginde alnyp barylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri talabalaýyk amala aşyrdylar. Şunda möwsümiň dowamynda ulanyljak tehnikalaryň gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýulmagyna aýratyn üns berlendigini bellemeli.

Ruhuňy göterýän hatarlar

Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginiň pagtaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1000 gektar ýerde gowaça ekişini öz wagtynda geçirip, täze hasylyň binýadyny berkden tutdular. Häzirki günlerde irki möhletde ekiş geçirilen ýerlerde gowaçalaryň göwün göterýän hatarlary göreniň gözüni dokundyrýar. Kadaly gögeriş alnan pellerde ilkinji hatarara bejergi işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu agrotehniki çäräniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmegi gowaçadan ýokary hasyl almakda möhüm saýylýar. Hatarlaryny gönülän gowaçaly pelleriň bejergisiniň ýokary hilli bolmagy üçin daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Gulgeldi Hojageldiýew, Mekan Çowdurow, Begli Täçmedow, Seýitnazar Gurbanow dagy yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar ýaş gowaçalary azotly dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini utgaşykly amala aşyrýarlar. Kärine yhlasly mehanizatorlaryň tagallasy bilen gowaçalaryň agrotehniki bejergisi öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Daýhan birleşiginde özleriniň eýeçilik edýän ýerlerinden ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy başarýan guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Tejribeli pagtaçy kärendeçilerden Hojaguly Derýaýew, Nurygeldi Seýitmedow, Aýtäç Pirjanowa, Bagtyýar Mätýakubow dagy özleriniň kärende ýerlerinde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekmek bilen, gowaçalary ýekelemek, hapa-haşal otlardan arassalamak babatda köplere görelde görkezýärler.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

DOSTLUK ZANDYNDA BAR EKEN Asyrlaryň dowamynda itler adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolup, olaryň üm-hereketlerine düşünip gelipdirler. Bu özboluşly ukybyň nähili ýol bilen kemala gelendigi henize çenli nämälimdi.

Ýüpekçi zenanyň goşandy

Indi on iki ýyldan gowrak wagt bäri ýüpek gurçugyny idedip, ýylyň-ýylyna bol pile hasylyny alýan Owadan Palyýewa diňe bir Aýdogdy Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginde däl, Kaka etrabynda hem giňden tanalýar. Bu asylly işde baý tejribe toplan zenan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da 40 gram ýüpek gurçugyndan 110 kilogram pile alyp, döwlete pile tabşyrdy we daýhan birleşiginde ilkinji bolup meýilnamasyny berjaý etdi. Owadan gelneje ýüpek gurçugynyň tohumyny almazyndan öň, ilki bilen, onuň saklanjak jaýyny talabalaýyk taýýarlady. Jaýyň ýylylygynyň, ýagtylygynyň, çyglylygynyň kadaly bolmagyny gazandy. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlarynyň ýapraklary bilen üpjün etmegiň aladasyny etdi. Ýüpek gurçugynyň kemala gelýän döwründe maşgala agzalary-da çetde durmady. Owadan gelnejä ýerli-ýerden kömek berdiler. Çekilen zähmet öz ajaýyp miwesini hem berdi.

Oba hojalygy

Pile harmany beýgelýär Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň ýüpekçileri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli pile hasylyny kemala getirdiler. Olar özlerine paýlanylyp berlen 1775 guty ýaş gurçuklara ýadawsyz hyzmat edip, olaryň kadaly ösmegini, sagdyn bolmagyny, öz wagtynda pile saramaga girişmegini gazanmak üçin köp zähmet siňdirdiler.

500 tonna pile ugrunda

Pile hasyly tabşyrylýar Welaýatymyzyň ýüpekçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pile möwsüminde 12,5 müň guty ýaş gurçuklara talabalaýyk ideg edip, ak piläniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Munuň özi olaryň ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, arassa hem-de kadaly ýylylykda saklamak ugrunda gije-gündiziň dowamynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde mümkin boldy.

Ýüpekçileriň arasynda bäsleşigiň jemi jemlenildi

Welaýat häkimliginde öňdebaryjy ýüpekçileriň zähmetini höweslendirmek bilen baglanyşykly guralan «Ussat pileçi» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň şertlerine görä ýeňijiler meýilnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirişleri we gazanan ýokary netijeleri boýunça kesgitlenildi. Ýeňijilere welaýat häkimliginiň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Lebaply ýüpekçiler Watanymyzyň kümüşsöw çäjine 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olaryň arasynda «Ussat pileçi» atly bäsleşigiň guralmagy gymmatly çig malyň mukdaryna we hiline oňyn täsirini ýetirdi.

Kiştiwanly aksakgal

Nurmämmet Salimow onlarça ýyldan bäri Çärjew etrabynyň Kiştiwan şäherçe geňeşliginiň Miras obasynyň ilatyna aksakgallyk edýär. Obadaşlary islendik meselede ýüz tutup, onuň bilen maslahatlaşyp bilýärler. Toý bolsun, ýa-da ýene bir üýşmeleň, Nurmämmet agasyz geçmez. Islendik dabaranyň guramaçylyk meselesi onuň bilen aňsat çözülýär. Miras obasynda maşgalalaryň 500-e golaýy ýaşaýar. Olaryň ählisi hem öz aksakgallary bilen her bir işde maslahatlaşyp durýar. Altmyş iki ýaşyny arka atyp barýan aksakgalyň işsiz wagtyny görmersiň. Ol Çärjew etrabynyň Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň hem zähmetsöýer agzalarynyň biri. Aksakgalyň bir görseň, ekin meýdanlarynda işläp ýörşüni, bir görseň, toý-dabaralaryň geçişine, märekä serenjam berip ýörşüni synlap, onuň ýetişiklidigine haýran galýarsyň. Ol islendik işiň kemini-köstüni goýmazlygy özüne endik edinipdir. Ýene bu işleriň daşyndan onuň başga-da bir aýratyn ünsüňi özüne çekýän güýmenjesi bar. Ol hem onuň tebigata bolan söýgüsi. Nurmämmet aganyň tebigata, topraga bolan söýgüsi juda üýtgeşik. Ol baran ýerini gür baglyga beslemegi gowy görýär, ýeri timarlap, tebigat bilen sazlaşdyrýar. Onuň kärende ýeri öň juda bir ekilip ýörlen ýer däl eken. Ol daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, olar oňlanyndan soň, çarkandakly ýeri ekerançylyk meýdanyna öwürýär. Häzir ol 4 gektara golaý bu kärende ýer