Gök bazaryň gyzgalaňy

26 Maý 2023
473

Baharyň has maýyl gelmegi, ylaýta-da, soňky ýyllara mahsus bolan çygly-çigrek günlerden çogly-güneşli çaglaryň agdyklyk etmegi miweli baglaryň bol gülläp, gülleriň bolsa galabasynyň miwä öwrülip, özem adatdakylaryndan ir bişip ýetişmegine getirdi. Şeýdibem, eýýäm aprelde bazara çykarylan irki eriklerden ilat doýagarna iýip, hatda ondan mürepbedir şire-şerbet gaýnadan maşgalalar az däl.

Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynyň kärendeçi telekeçisi Nurmyrat Nazarow miweleriň şeýle ir ýetişmeginiň 20 güne barabar bolandygyny aýtsa, onuň obadaşy Annaly Hojammedow eýýäm dag etegindäki melleginde ýetişen erigi Gökdepäniň «Ak bazaryna» çykaran ekeni. Ýogsam bolmasa, Sekizýabyň boýundaky bu salkyn jülgede tomsa ýetmän bişýän zat ýok. Bazarlarymyza, öňki ýyllarda bolşy ýaly, hemişe ir bişip ýetişýän «Lebap» erikleri hem ozalkylaryndan has ir getirilip, bahalaryň arzanlygyna gönüden-göni täsir etdi. Erikler hem şirin, hem ter. «Iň ilki ir bişýär» diýilýän, maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýän ýerli «Babarap almasy» hem maýyň başlaryndan bazara çykdy.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».