Ýüpekçi zenanyň goşandy

23 Maý 2023
519

Indi on iki ýyldan gowrak wagt bäri ýüpek gurçugyny idedip, ýylyň-ýylyna bol pile hasylyny alýan Owadan Palyýewa diňe bir Aýdogdy Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginde däl, Kaka etrabynda hem giňden tanalýar. Bu asylly işde baý tejribe toplan zenan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da 40 gram ýüpek gurçugyndan 110 kilogram pile alyp, döwlete pile tabşyrdy we daýhan birleşiginde ilkinji bolup meýilnamasyny berjaý etdi.

Owadan gelneje ýüpek gurçugynyň tohumyny almazyndan öň, ilki bilen, onuň saklanjak jaýyny talabalaýyk taýýarlady. Jaýyň ýylylygynyň, ýagtylygynyň, çyglylygynyň kadaly bolmagyny gazandy. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlarynyň ýapraklary bilen üpjün etmegiň aladasyny etdi. Ýüpek gurçugynyň kemala gelýän döwründe maşgala agzalary-da çetde durmady. Owadan gelnejä ýerli-ýerden kömek berdiler. Çekilen zähmet öz ajaýyp miwesini hem berdi.