Ak ekiniň ussady

24 Maý 2023
552

Gowaça ekişini üstünlikli tamamlan, şu günler ýekelew we bejergi geçirýän daýhanlaryň öňlerinde ýene bir jogapkärli möwsüm dur. Ol hem ýetişdirilen bugdaýyň hasylyny ýitgisiz we wagtynda ýygnap almak hem-de ony kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmakdyr. Altynsow galla meýdanlaryna nazaryň düşende, daýhanlaryň bu möwsüme hem taýýarlykly barýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Çärjew etrabynyň «Ýassydepe» daýhan birleşiginiň gallaçylary hem şu ýyl bugdaýyň bol hasylynyň düýbüni tutdular. Hojalygyň 13-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Aýgül Jumaýewanyň öz kärende ýerinde ýetişdiren guşgursak bugdaýynyň bol hasyly hem gözüňi dokundyrýar.

Bu ýerde bolanymyzda, kärendeçiler Aýgül Jumaýewanyň iň göreldeli hem tejribeli daýhanlaryň biridigini uly buýsanç bilen bellediler. Ol 70 ýaşy arka atandygyna garamazdan, önjeýli zähmet çekmegini dowam etdirýär. 14 ýaşyndan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýän Aýgül Jumaýewa zähmet ýolunda ekinlere garaşyk etmegiň baý tejribesini toplaýar. Ol häzir diňe bir öz kärende ýerindäki bugdaýa garaşyk etmek bilen çäklenmän, ýaş daýhanlara halypaçylyk hem edýär. Şeýlelik bilen halypa daýhan kärendeçiler toparynyň umumy netijeleriniň hemişe ýokary bolmagyna hem özüniň goşandyny goşýar. Üstümizdäki ýylda ol öňünde goýlan wezipäni artygy bilen berjaý etjekdigini ynam bilen aýdýar. Ol bolsa az-küç däl. Özüne berkidilen her gektardan 43 sentnerden däne almaly. Daýhan atyzyna şu ýyl bugdaýyň Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Bezostyý — 100» görnüşini ekdi. Çogdam-çogdam däneli summüller kärendeçiniň ynamynyň ýöne ýere däldigine şaýatlyk edýär.

Batyr ADYLOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.