Möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen

26 Maý 2023
628

Halkymyz gallany azyk önümleriniň naýbaşysy, saçaklaryň berekedi, abadançylygyň baş şerti hasaplaýar. Çörege mukaddeslik hökmünde garalýandygyna gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu möhüm mesele ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli çözülýär. Türkmen daýhanlary ýylyň-ýylyna ene toprakdan bol galla ýygnaýarlar. Şeýle il-ýurt bähbitli işe etrabymyzyň babadaýhanlary saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky tutumlary has-da belent. Ussat gallaçylarymyz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçiljek ýylynda etrabymyz boýunça 27766 gektar meýdana ekilen ak ekinden Watanyň uly harmanyna 72870 tonna galla tabşyrmagy özlerine belent borç edindiler. Guşgursak bugdaýyň bolçulygyny döretmek işinde daýhanlarymyza döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylyp durulmagy, oba hojalyk pudagynyň önümçilik-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ýer eýeleriniň dökün, suw, himiki gorag serişdeleri bilen doly üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň elýeterli bolmagy üstünlikleriň berk binýadyny emele getirýär. Şeýle çemeleşme oba adamlarynyň bereket bolçulygyny döretmäge bolan höweslerini has artdyrýar. Munuň şeýledigine ýetip gelýän galla oragyna taýýarlygyň derejesine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek mümkin.

Galla oragy gysga wagtlyk bolsa-da, örän jogapkärli möwsümdir. Ýetişdirilen gymmatly hasyly yrýa etmän ýygnap alyp, ammarlara daşamak we abat saklamak işleri ýokary sazlaşykly, utgaşykly guramagy talap edýär. Şu ýylyň galla oragynda işletmek üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly kombaýnlarynyň 82-si abatlanylyp, taýýarlyk hataryna goýuldy. Orak döwründe olarda işlejek mehanizatorlar, sürüjiler seçilip alnyp, olar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Bu işe biziň hünärmenlerimiz hem ýakyndan gatnaşdylar. Has takygy, etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda orak möwsüminde ýangyn howpsuzlyk, zähmeti goramak düzgünlerini berjaý etmek, şeýle-de şol döwürde kombaýnçylara, sürüjilere we kärendeçi daýhanlara edilmeli medeni-durmuş, söwda, lukmançylyk hyzmatlaryny göwnejaý guramak barada okuw maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almakda zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň, kärendeçileriň arasynda zähmet bäsleşiginiň yglan edilendigi we onuň ýeňijileriniň etrap, welaýat, ýurt derejesinde hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyljakdygy hem habar berildi. Şeýle tagallalar jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berer.

Arzuw SAPAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.