Ýüpekçileriň yhlasly zähmeti

25 Maý 2023
509

Mary welaýatynyň ussat ýüpekçileri döwletimiziň dokma pudagy üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky asylly işe işjeň goşuldylar. Ýylyň-ýylyna piläniň ýokary hilli hasylyny ýetişdirýän ýüpekçilere Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 11 müň guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Ýüpekçiler 2023-nji ýylda 440 tonna ýokary hilli pile taýýarlamagy maksat edinýärler.

Häzirki wagtda Sakarçäge etrabynda hem döwlete pile tabşyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ussat ýüpekçileri 28 kilogram gurçuk tohumyndan 59 tonna ýokary hilli pile hasylyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Arzyly sepgide ýetmek üçin, möwsümiň öň ýanynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça baý iş tejribesi bolan ussat ýüpekçi maşgalalar bilen özara şertnama baglaşyldy. Ýüpek gurçuklaryny ýeterlik iýmitlendirmek maksady bilen, tut agaçlarynyň ätiýaçlyk gory döredildi. Daýhan birleşiklerinde, hojalyklarynda we hususy kärhanalarda idedilýän ýüpek gurçuklary tejribeli hünärmenleriň gündelik üns-aladasy bilen gurşalyp alynýar. Hünärmenleriň ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek, olary kadaly iýmitlendirmek boýunça berýän gymmatly maslahatlary ýüpekçiler üçin goldaw bolýar. Ýüpekçi kärendeçileriň ýokary hilli gurçuk tohumy bilen üpjün edilmegi, agrotehnikanyň talaplarynyň doly berjaý edilmegi, tut ýapraklaryndan tygşytly hem netijeli peýdalanylmagy gowy hilli pile hasylyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Toýmyrat GURBANOW.