"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Yhlas hem-de höwes bilen

Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny kabul etmegi daýhanlaryň ruhlaryny belende göterdi, işe bolan höweslerini joşdurdy.

Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

Maldarlarymyz hoş habar bilen begendirdiler. Olar ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Lebaply maldarlar Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda bakýan dowarlarynyň 79 müň 206-syndan 72 müň 718 baş owlak-guzy almalydylar. Bu möhüm işiň göwnejaý guralmagy bilen netijeler has ýokary boldy. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 1194-si artyk alyndy. Gazanylan uly üstünligiň syry welaýatymyzda iň bir tejribeli maldarlaryň pikirlerine esaslanyp aýdanymyzda, maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde täze dogulýan owlak-guzular üçin gyşyň sowuk günleriniň göz öňünde tutulyp, ýyly kaşarlaryň hem-de ýörite ýerleriň öňünden taýýarlanylmagyndadyr.

Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylary

Baharyň hoştap günlerinde welaýatymyzda uly ruhubelentlik bilen başlan gowaça ekişine etrabymyzyň kärendeçileri hem irgözinden girişdiler. Edermen kärendeçileriň zähmetiniň ýerine düşmeginde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň Sakar şäher bölüminiň ýaş mehanizatorlarynyň hem mynasyp paýy bardyr. Bu möhüm işde olar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Sürüjiler Iskender Ahmedowyň, Bahadur Hüseýinowyň, Azat Nurmamedowyň çekýän yhlasly zähmetlerinden kärendeçileriň ählisi hoşal. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren «John Deere» kompaniýasynyň önümi bolan telematik ulgamy ornaşdyrylan traktorlara, «Monosem» kysymly gowaça ekijilere we köpugurly kultiwatorlara ussatlyk bilen erk edýän ýaş sürüjiler daýhan birleşiklerinde özlerine berkidilýän meýdanlaryň sürüm, ekiş işlerini-de bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Ekiş başlandan bäri Iskender eýýäm 2958 gektar meýdanda çil çekmek, Bahadur bolsa 1100 gektarda tekizleme işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagynda, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmeginde kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen gowaça ekijileri dolandyryjylar Maksut Gurbanow we Şatlyk Baýramow dagy hem zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Ýaş mehanizatorlar täze tehnikalary ulanmak bilen wagtyň we tohumyň mukdarynyň tygşytlanylýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Olaryň kömegi bilen eýýäm etrapda 300 gektara golaý meýdanda gowaça ekişi doly ge

Şa serpaýynyň eýesi

Ussat kärendeçi Günsaýyn gülläp ösýän eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitlerine guwanyp, asuda asmanyň astynda arman-ýadaman zähmet çekýän kärendeçileriň, mülkdarlaryň gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan ruhlanýan oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alýarlar. “Ak altyn” ussatlarynyň, gallaçy daýhanlaryň önüm bolçulygyny döretmekdäki yhlasly zähmeti, ýeten üstünlikleri göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanýar. Olara şa serpaýlary ýapylýar.

Bol hasylyň aladasy

Ak ekiniň idegI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Tagtabazar etrabynyň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alýan ýer eýeleri welaýatymyz boýunça gazanylýan ýokary görkezijilere saldamly goşant goşup gelýärler. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda ýaşyl maýsaly meýdanlara yhlaslaryny siňdirýän gallaçy kärendeçileriň ümzükleri öňe. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň kärendeçi gallaçylarynyň gadamlary batly. Yhlasly zähmet bilen bereket tohumy sepilen meýdanlar ýaşyl öwüsýär. Ak ekinli meýdanlara seredeniňde armazak gallaçylaryň döredijilikli zähmetinden göwnüň suw içýär. Çünki, agranomçylygyň görkezmeleri boýunça kadaly boý alýan bugdaýlaryň alada bilen gurşalandygyna göz ýetirýärsiň. Ýaşyl öwsüp, bahar paslyna, gözel tebigatymyza görk goşýan ekinleriň ertirki gün bol, bereketli galla hasylyny eçiljekdigine göz ýetirýärsiň.

Welaýatymyzda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda badalga berlen gowaça ekişiniň depgini barha güýçlenýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri hem şu ýyl 7300 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirip, bu işi agrotehniki kadalara laýyklykda gyzgalaňly alyp barýarlar.

Bol hasyla ynam bilen

Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şu günler 600 gektar meýdandaky bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Nurmuhammet Koşimbetow, Haýtbaý Narbaýew, Gulimbet Kutlymyradow dagy ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, ekinlere ösüş suwuny tutmak işleri-de ýokary depginde dowam edýär. Gallaçy kärendeçileriň tagallasy bilen, her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň tygşytly we netijeli ulanylmagyna daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, hünärmenleri, topar ýolbaşçylary yzygiderli gözegçilik edýärler. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha boý alyp, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak bugdaýyň 1130 tonnasyny Watan harmanyna goşmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine pugta ynam döredýär. Bugdaýa ideg etmekde daýhan birleşiginiň Allanazar Hydyrow, Döwletgeldi Şammyýew, Allamyrat Täçmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 8, 9,13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary has-da öňe saýlanýarlar.

Tä­ze ha­sy­lyň ala­da­sy

Go­wa­ça eki­şin­de Ka­ka et­ra­by­nyň kä­ren­de­çi­le­ri­dir ýer eýe­le­ri jo­gap­kär­li möw­süm bo­lan go­wa­ça eki­şi­ni ir­ki möh­let­de ta­mam­la­mak hy­ju­wy bi­len zäh­met çek­ýär­ler. «Pä­himpaý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da 22 müň gek­tar meý­dan­da go­wa­ça eki­şi­ni eke­ran­çy­ly­gyň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­gi me­ýil­leş­di­ren et­ra­byň oba zäh­met­keş­le­ri hä­zir­ki gün­le­riň her bir sa­ga­dyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­lar.

Bananyň bol hasyly ýygylýar

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri köp öndürmek bilen, ildeşlerimiziň bu babatdaky isleglerini has doly kanagatlandyrmak barada beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan «FERHAR» hojalyk jemgyýeti Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda banan hasylynyň ilkinji tapgyryny alyjylara hödürläp başlady. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhana şertlerinde banan önümçiligini ýola goýmagy maksat edinip, döreden jemgyýetiniň işi häzirki döwürde rowaçlyk tapdy. Bu ýerde yhlasly işleýän işgärleriň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna bananyň bol hasyly alynýar. Mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirilýän, damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarylýan bananlar bu ýyl hem eýesini dilgir etmedi. Mart aýynyň ortalarynda hasyl ýygymyna girişen banançylaryň janypkeşlikli zähmeti netijesinde şu ýylky hasylyň ilkinji tapgyrlary ýerli ýaşaýjylara ýetirildi. Häzir hasyl ýygymy dowam edýär. Banan ösümliginiň bereketli bolmagy, ýetişen hasylyň öz wagtynda ýygylyp, alyjylara ugradylmagy üçin ýyladyşhanada işleýänleriň ählisi janypkeşlikli zähmet çekýär. Aýratyn-da, işgärleriň arasyndan Rejep Täşliýew, Nepes Welläýew, Parahat Akweliýew tutanýerli zähmet çekýärler.

«Tebigy ekinde» zähmet gaýnap joşýar

Çärjew etrabynda 953,5 gektar meýdana uzap gidýän Ruslan Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda baharyň ilkinji günlerinden başlap hereket güýjedi. Hojalykda howanyň maýlamagy bilen ekilen ekinleriň agramly böleginden häzirki günlere çenli gowy gögeriş alyndy. Eýýäm 350 gektar meýdanda ýeralma, 7 gektar meýdanda ýazky kelem ekildi. 20 gektar meýdany bolsa sogan tutýar. Bu entek hemmesi däl. Wagtyň geçmegi bilen gök we bakja ekilen atyzlaryň meýdany artýar.

Yhlasly zähmet çekýärler

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň kärendeçi daýhanlary 2024-nji – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek, öňde goýlan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin şu günler yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga berlen gowaça ekişi şu günler gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda suwaryş we iýmitlendiriş işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekişde kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy ekişiň ýokary hilli, bellenen möhletde ýerine ýetiriljekdigine bolan ynamy döredýär.

Göwnüňi göterýän ýaşyl maýsalar

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigi iri tohumçylyk hojalyklarynyň biri bolmak bilen, her ýyl bu ýerde ak ekiniň bereketli hasyly kemala getirilýär. Hojalygyň gallaçy kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 6 müň 200 gektar meýdana güýzlük bugdaý ekip, häzirki wagtda ýaşyl öwsüp oturan maýsalara göwnejaý ideg edýärler. Daýhan birleşiginde kemsiz idegi ýetirilýän ýaşyl maýsalaryň şu günlerdäki boý alşy örän gowy. Ýer eýeleriniň aladasyna gurşalan maýsalaryň ählisi bellenilen möçberdäki fosfor hem-de karbamid dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Pagta süýüminiň esasy hil görkezijileri we olaryň kesgitlenilişi

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde edermen pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gowaçalaryň hatar-hatar bolup, endigan gögerip çykmagy, ekin meýdanlaryna özboluşly gelşik berýär. Gowaçany, esasan, pagta süýümini almak üçin ösdürip ýetişdirýärler. Şonuň üçin pagta süýüminden dokalýan matalaryň hili hem süýümiň hiline bagly bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokma senagatynyň döwrebap ösmegi bilen pagta süýüminiň hiline bolan talaplar has-da artýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren ylmy-barlag Pagtaçylyk institutynda hem «Pagta süýüminiň hil tehnologiýasy» bölümi açyldy. Ol bölümde pagta süýüminiň berkligi, inçeligi, üzüliş uzynlygy ýaly süýümiň birnäçe hil görkezijileri kesgitlenýär.

Çarwa hasaby

Mähriban halkymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasyna laýyklykda, Nowruz döwri türkmen topragynda öz hökmüni ýöredip başlady. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutduk. Şonda ol Nowruz döwründe bolup biläýjek howa ýagdaýlary baradaky köp ýyllaryň dowamynda synçylyk esasynda toplan tejribesine we ylmy çaklamalara esaslanýan garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: — Türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri hasaplanylýan Nowruzyň mart aýynyň 20-sine gije sagat on ikiden soň, ýigrimi birinji marta geçilýän güni, gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagtydygyny okyjylarymyzyň köpüsi bilýän bolsa gerek. Adamlar sowuk howaly gyşdan soň, ak öýleriň üstüne örtülen galyň ak keçeleri aýryp, ak ýa-da çal reňklerdäki keçe bilen öýlerini basyrypdyrlar. Bu yrym täze günde, täze ýaşaýyşda «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýen hoşniýetli arzuwlardan ugur alnyp amala aşyrylypdyr. Şol gün adamlar daş-töwereklerini, mal ýataklaryny birkemsiz arassalapdyrlar.

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri ýadawsyz zähmet çekýärler. Başarjaň kärendeçi daýhanlaryň yhlasy bilen ene topraga tohum taşlanan meýdanlaryň gektar sany günsaýyn artýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde Akdepe etrabynyň «Gyzyltakyr» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bu babatdaky işlere saldamly goşant goşýarlar. Şu möwsümde daýhan birleşiginde 1360 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilip, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Daýhan birleşiginiň başlygy Baky Babaýewiň gürrüň bermegine görä, Ýarykbaý Allabaýewiň, Gülşen Paltaýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary gowaça ekişinde has-da tapawutlanýarlar. Toparlaryň kärendeçileri agrotehniki talaplara laýyklykda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Ekişi ýokary depginde geçirmekde oba hojalyk tehnikalarynyň öňdengörüjilikli işledilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellemek möhümdir. Bu babatda mehanizatorlar Arslan Hudaýbergenow, Serdar Gurbanow dagynyň yhlasly zähmeti muňa oňat şert döredýär.

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda pomidor eksportyny artdyrdy

Türkmen pomidory daşary ýurtlaryň bazaryndaky ornuny barha berkidýär. 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda türkmen pomidorynyň daşary ýurtlara eksporty 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 göterim ýokarlandy. Türkmen pomidorynyň esasy satyn alyjylary Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy bolup durýar. Hususan-da Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen pomidoryň möçberi babatda uly ösüş hasaba alyndy. Has takygy, şu ýylyň birinji çärýeginde gazak bazaryna iberilýän türkmen pomidorynyň mukdary 20 göterim ýokarlandy.

Ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar

Daýhanlaryň ýerden bereketli hasyl almagy ugrunda çekýän janypkeşlikli zähmetiniň ýerine düşmegi üçin suw hojalyk işgärleri ýylyň ähli pasyllarynda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar suwaryş we zeý suw akabalaryny wagtly-wagtynda arassalamak bilen ýeriň hasyllylygyny ýokary galdyrmaga önjeýli goşantlaryny goşýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki suwaryş akabalarynyň kadaly akmagy, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda zeý suw akabalarynyň arassa ýagdaýda bolmagy ugrunda dynuwsyz işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguzýersuw gurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň  kuwwatly ýer gazyjy tehnikalary bilen etrabyň Aýböwür, Görelde, Bitaraplyk we Nazly Gylyjow adyndaky geňeşlikleriň çäklerindäki içerki suwaryş we zeý suw akabalaryny arassalamakda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu kärhananyň 3 sany «Komatsu – 210» kysymly ýokary öndürijilikli ýer gazyjylary hem-de bir sany ýer tekizleýjisi bilen etrabyň Dostluk geňeşliginiň çäginde «Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak» maksatnamasynyň 2-nji tapgyry boýunça 3 kilometr 400 metr ýerde täze zeý suw akabasyny gazmak işi alnyp barylýar. Bu maksatnamanyň 1-nji tapgyry öň Köneürgenç etrabynyň çäginde amala aşyryldy. Zeý suw akabasynyň gazylmagy onuň töweregindäki ekerançylyk ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, netijede, ýerden oba hojal

Oba hojalygy

Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýdyr pagtadan başga gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde guwandyryjy üstünliklere eýe bolýarlar. Munuň özi bu ýerde ilat arasynda gündelik isleg bildirilýän ýeralmanyň, käşirdir kelemiň we beýleki ekinleriň ekişine, ideg edilişine uly ähmiýet berilmeginiň netijesidir.

Oba hojalygy

Yhlasly zähmetiň netijesi Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekiş möwsümine Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda uly dabaralar bilen badalga berilmegi bu daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlaryny has-da galkyndyrdy. Şeýlelikde olar şol dabaralaryň yzysüre öz kärende meýdanlarynda gowaça ekişine agzybirlik bilen girişip, şu günlerde bu gaýragoýulmasyz çäräni ýokary depginler bilen  dowam etdirýärler.

Yhlasyň bar ýerinde...

Ata-babalarymyzyň örän irki döwürlerden bäri dowam etdirip we ösdürip gelýän ýüpekçiligi bu günki günde-de rowaçlyklara eýe. Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşiginiň öndürýän önümleri diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, ol daşarky bazarlarda hem iň bir islegli önümler hasaplanýar. Hatda dürli öwüşginli ýüpek parçalar bilen bilelikde dokalýan ýüpek halylar hem indi hemmeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Aýratyn-da, milli öwüşgin berlip dokalýan bu halylary alys ýurtlardan gelýän jahankeşdeler hem iň gowy sowgatlyk hökmünde satyn alýarlar. Şeýdibem, türkmen topragynda öndürilen milli öwüşginli önümler dünýäniň çar künjegine ýaýraýar. Ine, şeýle gadyrly önümiň esasy çig maly bolan piläniň Lebap topragynda her ýylda bir müň tonnadan gowragy öndürilýär. Şu ýylky möwsümde hem welaýatyň zähmetsöýer ýüpekçileri 1010 tonna pile öndürmegi öz öňlerinde belent maksat edip goýdular. Göräýmäge köp ýaly görünmese-de, pile taýýarlamak örän hysyrdyly iş we köp zähmet talap edýär. Mundan ötri tejribeli ýüpekçiler ýüpek gurçuklaryny idetmek işine örän höwesli çemeleşýärler. Olaryň köpüsi möwsümde ýüz kilogramdan hem geçirip pile taýýarlaýarlar. Aprel aýy ýüpek gurçuklaryny idedip, pile alynýan döwür hasaplanylýar. Bu möwsüme ýüpekçiler irgözinden taýýarlyk gördüler. Meýdanlardaky ýaplaryň, atyz-çilleriň gyralaryndaky tutlaryň düýpleri ýumşadylyp, suwarmak işleri geçirildi. Ýüpek gurç