Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda pomidor eksportyny artdyrdy

7 Aprel 2024
488

Türkmen pomidory daşary ýurtlaryň bazaryndaky ornuny barha berkidýär. 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda türkmen pomidorynyň daşary ýurtlara eksporty 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
3 göterim ýokarlandy.

Türkmen pomidorynyň esasy satyn alyjylary Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy bolup durýar. Hususan-da Türkmenistandan Gazagystana
eksport edilen pomidoryň möçberi babatda uly ösüş hasaba alyndy. Has takygy, şu ýylyň birinji çärýeginde gazak bazaryna iberilýän türkmen pomidorynyň mukdary 20 göterim ýokarlandy.

Taýýarlan: Rahman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirligiň harby gullukçysy, maýor.