Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

10 Aprel 2024
455

Maldarlarymyz hoş habar bilen begendirdiler. Olar ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Lebaply maldarlar Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda bakýan dowarlarynyň 79 müň 206-syndan 72 müň 718 baş owlak-guzy almalydylar. Bu möhüm işiň göwnejaý guralmagy bilen netijeler has ýokary boldy. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 1194-si artyk alyndy.

Gazanylan uly üstünligiň syry welaýatymyzda iň bir tejribeli maldarlaryň pikirlerine esaslanyp aýdanymyzda, maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde täze dogulýan owlak-guzular üçin gyşyň sowuk günleriniň göz öňünde tutulyp, ýyly kaşarlaryň hem-de ýörite ýerleriň öňünden taýýarlanylmagyndadyr.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.