Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylary

10 Aprel 2024
447

Baharyň hoştap günlerinde welaýatymyzda uly ruhubelentlik bilen başlan gowaça ekişine etrabymyzyň kärendeçileri hem irgözinden girişdiler. Edermen kärendeçileriň zähmetiniň ýerine düşmeginde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň Sakar şäher bölüminiň ýaş mehanizatorlarynyň hem mynasyp paýy bardyr. Bu möhüm işde olar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Sürüjiler Iskender Ahmedowyň, Bahadur Hüseýinowyň, Azat Nurmamedowyň çekýän yhlasly zähmetlerinden kärendeçileriň ählisi hoşal. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren «John Deere» kompaniýasynyň önümi bolan telematik ulgamy ornaşdyrylan traktorlara, «Monosem» kysymly gowaça ekijilere we köpugurly kultiwatorlara ussatlyk bilen erk edýän ýaş sürüjiler daýhan birleşiklerinde özlerine berkidilýän meýdanlaryň sürüm, ekiş işlerini-de bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Ekiş başlandan bäri Iskender eýýäm 2958 gektar meýdanda çil çekmek, Bahadur bolsa 1100 gektarda tekizleme işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi.

Ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagynda, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmeginde kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen gowaça ekijileri dolandyryjylar Maksut Gurbanow we Şatlyk Baýramow dagy hem zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Ýaş mehanizatorlar täze tehnikalary ulanmak bilen wagtyň we tohumyň mukdarynyň tygşytlanylýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Olaryň kömegi bilen eýýäm etrapda 300 gektara golaý meýdanda gowaça ekişi doly geçirildi. Ussat mehanizatorlaryň özleriniň erk edýän tehnikalaryna eýeçilik gözi bilen garap, kärendeçi daýhanlar bilen işleri ysnyşykly alyp barmaklary ekişi wagtynda tamamlamaga mümkinçilik döredýär. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatynyň ýola goýulmagy, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin hem zerur şertler döredilýär. Güneşli ülkämiziň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän ýaş daýhanlara işlemäge, halal zähmet çekmäge, kärendeçilere tehniki hyzmatlary, döküni ýeňillikli bahadan bermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Maral HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.