Yhlasly zähmet çekýärler

9 Aprel 2024
479

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň kärendeçi daýhanlary 2024-nji – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek, öňde goýlan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin şu günler yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga berlen gowaça ekişi şu günler gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda suwaryş we iýmitlendiriş işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekişde kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy ekişiň ýokary hilli, bellenen möhletde ýerine ýetiriljekdigine bolan ynamy döredýär.

Resul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.