Ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar

5 Aprel 2024
533

Daýhanlaryň ýerden bereketli hasyl almagy ugrunda çekýän janypkeşlikli zähmetiniň ýerine düşmegi üçin suw hojalyk işgärleri ýylyň ähli pasyllarynda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar suwaryş we zeý suw akabalaryny wagtly-wagtynda arassalamak bilen ýeriň hasyllylygyny ýokary galdyrmaga önjeýli goşantlaryny goşýarlar.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki suwaryş akabalarynyň kadaly akmagy, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda zeý suw akabalarynyň arassa ýagdaýda bolmagy ugrunda dynuwsyz işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguzýersuw gurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň  kuwwatly ýer gazyjy tehnikalary bilen etrabyň Aýböwür, Görelde, Bitaraplyk we Nazly Gylyjow adyndaky geňeşlikleriň çäklerindäki içerki suwaryş we zeý suw akabalaryny arassalamakda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu kärhananyň 3 sany «Komatsu – 210» kysymly ýokary öndürijilikli ýer gazyjylary hem-de bir sany ýer tekizleýjisi bilen etrabyň Dostluk geňeşliginiň çäginde «Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak» maksatnamasynyň 2-nji tapgyry boýunça 3 kilometr 400 metr ýerde täze zeý suw akabasyny gazmak işi alnyp barylýar. Bu maksatnamanyň 1-nji tapgyry öň Köneürgenç etrabynyň çäginde amala aşyryldy. Zeý suw akabasynyň gazylmagy onuň töweregindäki ekerançylyk ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, netijede, ýerden oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almaga oňyn täsir edýär. Bu ýerde kämil ýer gazyjy we tekizleýji tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlar Kamiljan Reýimow, Mansur Pälwanow, Aşyr Jumanow, Elýas Taýmyrow dagy yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.