"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Toprak bereket eçilýär» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirdik. Oňa guramamyzyň şäher komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň işgärleri, pudagyň öňdebaryjy zähmetkeşleri gatnaşdylar. Galla oragy möwsüminiň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli geçirilen bu maslahatda ilkinjileriň hatarynda zähmet ýeňşini gazanan gallaçy kärendeçilerimizi we kuwwatly tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, möwsümde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda ussatlyk görkezen sürüjileri guramamyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk. Janypkeş daýhanlarymyz oba zähmetkeşlerine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýladylar.

Ýol abat — il abat

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkyň asudalygy we bagtyýarlygy hakda edýän aladalaryndan ugur alnyp, awtomobil ýollaryny abatlamak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu günler welaýat merkezimizdäki ýollara sürüjiler we pyýadalar üçin niýetlenilen ýol belgilerini goýmak, olary täzelemek işleri bilen birlikde ýörite toparyň çözgüdi bilen çatryklara döwrebap ýolyşyklary hem goýulýar. Şeýle hem Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň Türkmenabat şäher böleginde sürüjileri ugrukdyrýan ýol çyzyklaryny çyzmak, ulaglaryň göwnejaý hereketlerini ýola goýmak işleri hem sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler ildeşlerimiziň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen birlikde şäherimiziň barha gözelleşmegine getirýär. Ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmak, ýol-ulag belgileriniň ähmiýetini ilatyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen sürüjiler bilen düşündiriş işlerini hem yzygiderli geçirýäris.

Täze kitaplar bilen tanyşdyryldy

Kitaphanamyza ýene-de täze kitaplaryň birnäçesi gelip gowuşdy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli neşir edilen täze çeper eserleriň bolmagy bizi aýratyn buýsandyrdy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň eserleri, Türkmenistanyň Gyzyl kitaby we çagalar üçin niýetlenilen gollanmalaryň birnäçesi kitaphanamyzyň kitap goruny has-da baýlaşdyrdy. Kitaphanamyzda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralaryny guradyk. Dabaranyň dowamynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan okyjylarymyz beýik söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan şygyrlaryny okadylar.

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda beýik söz sungaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň barha belende galýandygyny, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň taryhy wakalara beslenýändigini guwanç bilen bellediler hem-de dana atamyzyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň etdiler.

Kämil hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Maslahat işjeňlikde geçdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maşgala mukaddesligine bagyşlanan wagyz-nesihat ähmiýetli maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýewiň, mährem ene Ogulgözel Myradowanyň, Gökdepe etrap Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Enar Amanlykowanyň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi. Ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga gönükdirilen tagallalar, şeýle-de pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeler, däp-dessurlar, edep-terbiýe kadalary dogrusyndaky gürrüň maslahatdaky çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Çykyş edenler ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Ýakymly täsirleri galdyran gezelenç

Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly çäreler, duşuşyklar, täsirli gezelençler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa olaryň oňat dynç alyp, wagtlaryny şatlykly geçirmeklerine ýardam edýär. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen «Gämi» muzeýine guralan gezelenç olarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Muzeý gymmatlyklary çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar dürli görnüşli gaýykdyr gämi eksponatlary bilen tanyşdylar, olar bilen baglanyşykly muzeý işgärleriniň beren gyzykly gürrüňlerini diňlediler.

Halk Maslahaty: demokratiýa, adyllyk we jebislik

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Golaýda paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisinde munuň bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy forum Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ol adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.

Bagtyýar balalar

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz, guwanjymyz, buýsanjymyz. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň beden, bilim, ruhy, ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösüşine aýratyn ähmiýet gönükdirilýär, çagalar çäksiz mähir we alada bilen gurşalýar. «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde çagalar baglarynyň döwrebap binalary guruldy hem-de gurulýar. Olarda körpe nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap sowat öwrenmegi, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmegi babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Çagalar baglarynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan döredijilik otaglarynyň, sport zallarynyň, ilkinji kompýuter sowadyny öwredýän we daşary ýurt dillerini öwrenmäge niýetlenen lingafon otaglarynyň bolmagy körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalardan gözbaş alýar.

Täsirli duşuşyk

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat kitaphanasynyň guramagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän bagtyýar çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda geçen duşuşykda agzalan kitaphananyň kitap gaznasynda saklanýan çagalar edebiýatlary, dürli ertekili neşirler barada ýaş nesle täsirli gürrüň berildi. Türkmen halk ertekileri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda aýdyldy.

Göwündeşim — dutarym

Soňky döwürler nämüçindir ýürek hakynda köp oýlanýaryn. Megerem bu ýaşymyzyň ulalyp, akylymyzyň gün saýyn goýalyp barýandygyndan bolsa gerek. Barha ýukalýan, sähel zada ynjap, sähel zada ynjalyp bilýän ýüregiň hem uzagyndan ilkinji maslahatçyňa öwrülip galaýýan eken. Ýaş nesillerimiz öz dünýäsi, öz gyzyklanmasy bilen gümradyrlar, sen bolsa ömür, durmuş, öten-geçenler hakda pikir öwrüp ýörensiň. Ýakymly we ýakymsyz ýatlamalaryň ýüregi nähili duýgulara gaplaýandygy hem meniň deňi-duşlaryma mälimdir. Geçmiş hakynda oýlanýan wagtymyz häzirki goýazy pikirlerimiziň, durmuş tejribämiziň mundan ýigrimi-otuz ýyl ozal bolaýan bolsa näçe peýda getirjekdigi, ençeme bärden gaýtmalaryň, ýalňyşlyklaryň öňüne böwet boljakdygy hakyndaky pikirler hem ýüregiňe täsin yza berip durandyr. Men ýörite garry öýe myhmançylyga geldim. Ol mähriban ojakda körpe inim, onuň ýaýrawlary ýaşaýar. Mährem duýgularymyň galan ýeri ýüregime teselli berdi. Atam pahyryň eken tut agajynyň saýasy bolsa heniz hem gol gerip otyr. Bu tut agajy öz möwsümünde miwe-de berýär. Men bolsa atam hakynda, onuň eden sargytlary hakynda oýa batýaryn. Ol bize dutar ýasamagy, ony çalmagy, dutara golaý bolmagy sargyt edipdi. Atam dutaryň pirli senetdigini, keramatly sungatdygyny kän düşündirerdi. Atam biziň herimiz üçin aýratyn dutar ýasap, sowgat hem beripdi. Şol dutar meniň öýümiň töründäki enemiň dokan el halysynyň üstünden häzirem a

Wagyz-nesihat edildi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde «Sport — sagdynlyk» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň maksady ýaşlaryň ähli babatda sazlaşykly ösmegini gazanmakdan, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň uly alada bilen gurşalandygy, olaryň ýokary aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegi, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagy üçin giň şertleriň döredilendigi, şol ajaýyp şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň uly ähmiýetiniň bardygy dogrusyndaky gürrüňe duşuşykda aýratyn üns çekildi. Onda edilen çykyşlarda sporty hemra edinmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Bagbanyndan hereket, baglarynda bereket

Tomus pasly bagbanlaryň iň köp alkyş alýan döwri bolsa gerek. Çünki miweleriň köpüsi hut şu pasylda bişip, giňden ýazylan döwletli desterhanlaryň üstündäki naz-nygmatlaryň arasynda mynasyp orun tapýar. Öňem elýeterli bahalardan köpçülige hödürlenýän miwe önümleriniň hyrydary bu döwürde gün-günden köpelýär. Çünki bag ekmegiň sogaplydygyna durky bilen uýýan zähmetsöýer adamlaryň müňlerçesi hut şu pasylda öz çeken zähmetleriniň rehnedini görýär. Görseň gözüňi dokundyrýan miweler tapgyrma-tapgyr ak bazarlaryň berekedini artdyryp, göreniň gözüni dokundyrýar. Bazarda miwe önümleri näçe köp boldugyça, şonça-da olaryň elýeterliligi artyp, alyjylaryň satyn alyjylyk mümkinçilikleriniň ýokarlanýandygy hem hemmä mälim hakykat. Biri-birinden datly önümleri dadanlaryndan soňra, olary ýetişdirýänlere gowudan-gowy alkyşlar aýdýarlar, şeýle janypkeş adamlara jan saglyk, uzak ömür, olaryň işlerine rowaçlyk arzuwlap, doga-dileg edýärler. Ine, şeýle bagbanlaryň ýüzlerçesi häzirki döwürde gadymy Merw topragynda, Mary welaýatynda ýaşap, işläp il alkyşyny alyp ýörler. Bagbançylykdan baý tejribe toplap köplere nusgalyk iş bitirýänler bilen baglanyşykly söhbet açylanda, bu günki gün 80 ýaşy arka atyp, 90 ýaşy ortalan, Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginde ýaşaýan tejribeli bagban Kössek Aşyrowyň ady ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Tä pygamber ýaşyna ýetinçä, ady agzalan sebitiň Oguzhan ýaý

Ýollarymyz asuda bolsun!

Berkarar Watanymyz — ösüşleriň, özgertmeleriň, rowaçlyklaryň mekany. Güneşli Diýarymyzy gurşap alan özgerişler, dürli ugurlarda ýetilýän sepgitler döwletli tutumlaryň dabaralanýandygyny görkezýär. Şeýle rowaçly ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary dur. Ýurdumyzyň ösüşleri barha özgerýän şäherdir şäherçeleriň, obalaryň keşbinde has aýdyň ýüze çykýar. Häzirki zaman awtoulag ýollary ilatly ýerlere özboluşly görkanalyk berýär. Şol ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýol yşyklaryň hem-de degişli ýol belgileriň bolmagy diýseň guwandyrýar. Ulaglaryň sanynyň barha artyp, hereketiň ýygjamlaşýan döwründe munuň uly ähmiýeti bardyr. Çünki olar sürüjilerdir pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm orny eýeleýär.

Hemmämiziň borjumyz

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şonuň üçin öýden, iş ýerden gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaň! Işläp duran elektrik-gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak howpludyr. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan bu enjamlar gurnalanda, elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylyp, olaryň işleýän wagty gözegçilikde saklanmaly. Elektrik enjamlary gurnalanda, geçirijileriň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak gadagan edilýär. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda olary çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, simleriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Gyzykly we mazmunly dynç alyş

Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklary, zehinleri ýüze çykarylýar, okuwçylar dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, peýdaly bilimlere eýe bolup, täze dostlary tapýarlar. Dynç alyş we sagaldyş merkezimizde tejribeli mugallymlaryň 15-si çagalara terbiýe berýärler. Her tapgyrda çagalaryň 300-si dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Merkezimizde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Toparlaryň arasynda özara bäsleşikler yzygiderli geçirilýär, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bagtyýar nesiller bilen Mary welaýat kitaphanasyna, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Bagtyýarlyk» seýilgähine, Wekilbazar etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähine guralýan gezelençler çagalaryň dynç alyş günleriniň gyzykly we guramaçylykly geçmegine şert döredýär.

Dostluk — asylly ýörelge

Ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan dostluk, dostanalyk, agzybirlik ýaly ýörelgeleriniň gymmatyny halkymyz belent tutýar. Dostluk hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadydyr. Adamzat gatnaşyklarynyň içinde dostluk mydama-da ilkinji orunda bolupdyr. Ömrüň dowamynda hakyky dostuň bolup, onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak her bir adama zerur. Saňa düşünýän pikirdeş dost bilen ömür atly uzak ýoldan egin-egne berip geçmek hemmeleriň islegidir. Türkmençilikde «Sylanyşyk iki taraplaýyn bolýar» diýilýär. Şonuň üçin hem dostluk bir adamyň zähmeti däl-de, eýsem, iki adamyň zähmetidir, yhlasydyr, düşünjeleriň gabat gelmegi ugrundaky çemeleşmeleridir. Diýjek sözüň, etjek hereketiň paýhasa ýugrulyp, hakykatyň tarapdary bolmak, duýgudaşlyk, wepalylyk ýaly häsiýetlere eýermek dostlugyň ilkinji şertleridir. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragy: Ýaman til dost ýitirer,Hoş söz rehmet getirer.

Kompýuterli sütün

◊ Türkmenistanlylar üçin elýeter, döwrebap kompýuter we ykjam «smart» enjamlaryny öndürýän milli «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy dünýäniň belli «Microsoft» hem-de «Intel» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklap, döwrüň bu ugurdan öňegidişliklerini öwrenýär we hünär başarnyklaryny kämilleşdirýär. Bu kärhanada öndürilýän «Bilimli» atly kompýuterler indi birnäçe ýyldan bäri döwlet Baştutanymyz tarapyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara sowgat edilýär. ◊ Şahsy kompýuter üçin ilkinji täjirçilik klawiatura 1981-nji ýylda IBM tarapyndan çykaryldy. Häzirki wagtda ergonomiki, miniatýura we suw geçirmeýän 100-den gowrak dürli klawiaturalar bar.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Pyragy hem Arkadag — döwürlere şamçyrag Şeýle at bilen TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly çäre

Ýaňlansyn, Diýarymda aýdym-sazyň sesi Ýakynda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 4-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Ýaňlansyn, Diýarymda aýdym-sazyň sesi” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärä TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.