Bagtyýar balalar

23 Iýul 2024
147

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz, guwanjymyz, buýsanjymyz. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň beden, bilim, ruhy, ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösüşine aýratyn ähmiýet gönükdirilýär, çagalar çäksiz mähir we alada bilen gurşalýar.

«Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde çagalar baglarynyň döwrebap binalary guruldy hem-de gurulýar. Olarda körpe nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap sowat öwrenmegi, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmegi babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Çagalar baglarynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan döredijilik otaglarynyň, sport zallarynyň, ilkinji kompýuter sowadyny öwredýän we daşary ýurt dillerini öwrenmäge niýetlenen lingafon otaglarynyň bolmagy körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalardan gözbaş alýar.

Gymmat AŞYROWA,
Gökdepe etrabyndaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar