Täsirli geçen söhbetdeşlik

24 Iýul 2024
169

Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda beýik söz sungaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň barha belende galýandygyny, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň taryhy wakalara beslenýändigini guwanç bilen bellediler hem-de dana atamyzyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň etdiler.

Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar