Hemmämiziň borjumyz

23 Iýul 2024
135

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şonuň üçin öýden, iş ýerden gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaň!

Işläp duran elektrik-gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak howpludyr. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan bu enjamlar gurnalanda, elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylyp, olaryň işleýän wagty gözegçilikde saklanmaly. Elektrik enjamlary gurnalanda, geçirijileriň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak gadagan edilýär. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda olary çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, simleriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar