Wagyz-nesihat edildi

23 Iýul 2024
130

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde «Sport — sagdynlyk» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň maksady ýaşlaryň ähli babatda sazlaşykly ösmegini gazanmakdan, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.

Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň uly alada bilen gurşalandygy, olaryň ýokary aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegi, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagy üçin giň şertleriň döredilendigi, şol ajaýyp şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň uly ähmiýetiniň bardygy dogrusyndaky gürrüňe duşuşykda aýratyn üns çekildi. Onda edilen çykyşlarda sporty hemra edinmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar