Gyzykly we mazmunly dynç alyş

23 Iýul 2024
259

Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklary, zehinleri ýüze çykarylýar, okuwçylar dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, peýdaly bilimlere eýe bolup, täze dostlary tapýarlar.

Dynç alyş we sagaldyş merkezimizde tejribeli mugallymlaryň 15-si çagalara terbiýe berýärler. Her tapgyrda çagalaryň 300-si dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Merkezimizde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Toparlaryň arasynda özara bäsleşikler yzygiderli geçirilýär, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bagtyýar nesiller bilen Mary welaýat kitaphanasyna, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Bagtyýarlyk» seýilgähine, Wekilbazar etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähine guralýan gezelençler çagalaryň dynç alyş günleriniň gyzykly we guramaçylykly geçmegine şert döredýär.

Güljahan ÇARYKULYÝEWA,
Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar