Göwündeşim — dutarym

23 Iýul 2024
136

Soňky döwürler nämüçindir ýürek hakynda köp oýlanýaryn. Megerem bu ýaşymyzyň ulalyp, akylymyzyň gün saýyn goýalyp barýandygyndan bolsa gerek. Barha ýukalýan, sähel zada ynjap, sähel zada ynjalyp bilýän ýüregiň hem uzagyndan ilkinji maslahatçyňa öwrülip galaýýan eken. Ýaş nesillerimiz öz dünýäsi, öz gyzyklanmasy bilen gümradyrlar, sen bolsa ömür, durmuş, öten-geçenler hakda pikir öwrüp ýörensiň. Ýakymly we ýakymsyz ýatlamalaryň ýüregi nähili duýgulara gaplaýandygy hem meniň deňi-duşlaryma mälimdir. Geçmiş hakynda oýlanýan wagtymyz häzirki goýazy pikirlerimiziň, durmuş tejribämiziň mundan ýigrimi-otuz ýyl ozal bolaýan bolsa näçe peýda getirjekdigi, ençeme bärden gaýtmalaryň, ýalňyşlyklaryň öňüne böwet boljakdygy hakyndaky pikirler hem ýüregiňe täsin yza berip durandyr.

Men ýörite garry öýe myhmançylyga geldim. Ol mähriban ojakda körpe inim, onuň ýaýrawlary ýaşaýar. Mährem duýgularymyň galan ýeri ýüregime teselli berdi. Atam pahyryň eken tut agajynyň saýasy bolsa heniz hem gol gerip otyr. Bu tut agajy öz möwsümünde miwe-de berýär. Men bolsa atam hakynda, onuň eden sargytlary hakynda oýa batýaryn. Ol bize dutar ýasamagy, ony çalmagy, dutara golaý bolmagy sargyt edipdi. Atam dutaryň pirli senetdigini, keramatly sungatdygyny kän düşündirerdi. Atam biziň herimiz üçin aýratyn dutar ýasap, sowgat hem beripdi. Şol dutar meniň öýümiň töründäki enemiň dokan el halysynyň üstünden häzirem asylgy dur. Men ençeme dutarlaryň dünýä inmegine sebäp bolan garry tudy synlap oňa guwandym. Körpe inim üçin ýasalan dutary elime alyp sypalap oturuşyma adamyň ýüregi hakynda oýa batdym. Göwnüme bolmasa dutaryň kellesi ynsan ýüreginiň daşky keşbine-de çalym edýän ýaly boldy. Sebäbi dutary ellerime alanymdan onuň hoş owazy ýüregimi rahatlandyrýar, bar gaýgy-ünjim dessine zym-zyýat bolýar. Ýaňyja-da nämedir bir zada gyýylyp duran ýüregim dutaryň sesine aram tapýar. Ilçilikde aýdylyşy ýaly adam ýaradylan wagty onuň bedenini garaňky görüp giresi gelmedik ýüregi hem hut dutaryň imrindiriji owazy bilen gursaga salypdyrlar ahyry. Diýmek, atam bize hut öz ýüregini, onuň näzik, mährem duýgularyny sowgat beripdir. Dutar ýürege ýakynlygy, duýga baýlygy bilen adamlaryň ýüreginine aram berýär. Ýürek adamyň tutuş durkuna emir edýär. Lukmanlaryň belläp geçmegine görä, hemme zady ýüregine golaý alýan, näzik, duýguçyl ýürekli adamlar beýleki adamlardan dertleri tiz kabul edip alýar. Dert diýen wagtym çaga döwürlerim gyzamyk çykaranym ýadyma düşýär. Şol döwürler atam pahyr daň saz berýänça meniň başujumda oturyp dutarda saz çalyp bererdi. Örüp bilmän, çaga bedenimi gynap duran gyzamygyň petir bezelen ýaly örenine begenişýän enemdir ejemiň, kakamyň, doganlarymdyr ýeňňelerimiň daşymda pelesaň urýanlary häzir hem ýadymda. Ine, bu mysal hem dutaryň ýürege näderejede emir edip bilýändiginden habar berýär.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar