Ýollarymyz asuda bolsun!

23 Iýul 2024
111

Berkarar Watanymyz — ösüşleriň, özgertmeleriň, rowaçlyklaryň mekany. Güneşli Diýarymyzy gurşap alan özgerişler, dürli ugurlarda ýetilýän sepgitler döwletli tutumlaryň dabaralanýandygyny görkezýär. Şeýle rowaçly ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary dur.

Ýurdumyzyň ösüşleri barha özgerýän şäherdir şäherçeleriň, obalaryň keşbinde has aýdyň ýüze çykýar. Häzirki zaman awtoulag ýollary ilatly ýerlere özboluşly görkanalyk berýär. Şol ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýol yşyklaryň hem-de degişli ýol belgileriň bolmagy diýseň guwandyrýar. Ulaglaryň sanynyň barha artyp, hereketiň ýygjamlaşýan döwründe munuň uly ähmiýeti bardyr. Çünki olar sürüjilerdir pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm orny eýeleýär.

Orazmyrat TEJENOW,
Babadaýhan etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar