"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik ösüşleriň rowaçlygy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny döredijilikli zähmeti bilen dabaralandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurýar we döredýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasaty rowaçlanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz jenneti mekana öwrülýär. Raýat jemgyýetimiziň ösüş-özgerişleriniň bady artýar.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eşretli ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç alýandygyny aýdyň subut edýär.

Bagtyýarlyk mekany

Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp keşbi ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň göz guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Dowam edýän hoştap howaly ýaz paslynyň tebigata eçilýän gözellikleri ak şäherimiziň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bilşimiz ýaly, merjen şäherimiziň baýramy — Aşgabat şäheriniň güni barha golaýlaýar. Bu baýramçylygyň paýtagtymyzyň nurana keşbi deýin joşgunly, köňle ylham berýän bahar paslynda bellenilmeginde hem çuňňur many-mazmun bardyr. Bahar pasly hem göýä Aşgabadyň baky sowulmajak ýazlara mynasypdygyny älem-jahana buşlamak isleýän ýaly, ähli yhlasyny durky-düýrmegi bilen şäher tebigatyna bagyş edene çalym edýär. Şaýollardyr köçeleriň ugrundaky ýaşyl zolaklara müň dürli öwüşgin berip oturan ýaz güllerini, seýilgählerdäki al-ýaşyl öwsüp oturan gür baglary synlanyňda, muňa has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabadyň gününiň hut şeýle ajaýyp möwsümde bellenilmegi ähli halkymyzyň göwünlerini joşdurýar.

Paýtagtymyz — täji-tagtymyz

Bu günki gün her bir türkmenistanlynyň ýüregi ýurdumyzyň baş şäherine bolan egsilmez buýsanç duýgulary bilen gurşalandyr. Çünki gözel paýtagtymyzyň nurana keşbinde eziz Watanymyzyň ýetýän belent sepgitleriniň, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda eşretli ýaşaýşynyň özboluşly beýany jemlenendir. Şeýle sazlaşykly gözelligi özünde jemleýän Aşgabat häzirki wagtda batly depginler bilen ösüp, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Aşgabadyň ösüş depgininiň, şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleriniň durnukly we netijeli häsiýete eýedigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem birnäçe meýilnamalar üstünlikli alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary dowam edýär, medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Ýakynda bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Mert pederlere tagzym

Golaýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Eli gül-çemenli gelen ildeşlerimiz ýalynly ýyllaryň pidasy bolan beýik gerçekleriň ruhuny hatyraladylar. Häzirki wagtda asuda, parahat Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Watan diýip gül ömrüni ýurduna, il-gününe bagyşlan weteranlary döwlet derejesinde sylaglanýar we atlary ebedileşdirilýär. Bu bolsa Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdigini alamatlandyrýar.

«Berkarar döwlet istärin»

Şeýle at bilen geçen anna güni Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan guralan bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk aýdym-sazly topary ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Milli gymmatlyklarymyz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz asuda, parahat durmuşda bagtyýarlykda ýaşaýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle bagtyýar ýaşaýşyň esasy özeni bolsa, biziň milli buýsanjymyz bolan, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan Döwlet baýdagymyz, Konstitusiýamyz hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik taglymatlarymyzyň, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Her ýylyň 18-nji maýy ýurdumyzda halkymyzyň goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Çünki ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň hukuk ulgamynyň binýadydyr. Döwlet baýdagymyz bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, abadançylygynyň, döwletliliginiň nyşanydyr.

Şaýoluň bezegi

«Şygryýetiň göwher gaşy» atly döredijilik bäsleşigine XVIII asyryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy şamçyragy hökmünde çäksiz hormata eýe. Watanymyzyň çäginden daşynda hem Magtymguly hakyky halk şahyry, möhüm durmuş gymmatlyklaryndan oňat baş çykarýan öňdengörüji akyldar, ussat pelsepeçi, türkmen nusgawy edebiýatynyň we edebi diliniň düýbüni tutujy hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň şygryýet älemi türkmen edebiýatynda täze sahypany açyp, adalatlylyk, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik düşünjeleriniň şöhlelenmesi bolup durýar.

Söz sungatynyň ägirdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gülläp ösýän eziz Watanymyzda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde baýram edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köp taraplylygy bilen tapawutlanyp, türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ol öz aýdyma öwrülen şygyrlarynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny beýan edýär. Hut şeýle millilik hem dana Pyragynyň adyny dünýä derejesinde belende göterdi. Bu günki gün akyldar şahyrymyzyň goşgulary dünýäniň ençeme halklarynyň dilinde ýaňlanýar, edebi mirasy barha giň okyjylar köpçüligini öz içine alýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dürli medeni-köpçülikleýin dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler».

Ruhy hazyna

Biz — ýaşlar öz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni-ruhy, edebi hem-de maddy gymmatlyklaryna buýsanýarys. Dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy berkarar döwletimiziň şu günki okgunly ösüşiniň hem-de röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyz şol miras esasynda hem-de häzirki döwrüň ösen ylymda, bilimde, tehnologiýada gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen belent arzuwlarynyň wysal bolmagynyň, döwleti geljekde dolandyrjak hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmegiň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip bellemek bilen, şeýle şahsyýetlere nähili häsiýetleriň mahsus bolmalydygyny nygtaýar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallar bu hepdäni birnäçe garaşylmadyk wakalar bilen garşylarlar. Maddy ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin edýän hereketleriňiziň, meýilleşdirýän işleriňiziň sizi biraz ýadatmagy mümkin. Ruhdan düşmäň! Biraz tijenseňiz, geljek hepdelerde özüňizi has arkaýyn duýarsyňyz.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe

Döwrüň goşa ganaty Baş Kanunym,Ýaşyl Tugum — barlygyň,Garaşsyz Watanym — Türkmenistanym!Gaýa deý mäkämdir berkararlygyň,Garaşsyz Watanym —  Türkmenistanym!

Terbiýeçilik agşamlary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp bahar günlerinde baýram edilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda terbiýeçilik agşamlary, dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ýokary harby okuw mekdebimizde şanly senä bagyşlanyp geçirilen terbiýeçilik agşamlarynda Watan goragynyň mukaddesligini giňden wagyz edýän çykyşlar, harby talyp ýaşlaryň Ýeňiş gününi wasp edýän goşgudyr oýlanmalary ýerine ýetirmekleri çäreleriň ähmiýetini has hem artdyrdy. Terbiýeçilik ähmiýetli çärelere gatnaşanlar halkymyzy asudalykda, bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. Mährijemal HALMYRADOWA, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.

Demokratik ýörelgeleriň kanunçylyk binýady

Pederleriň parahatçylyk, ynsanperwerlik, jebislik ýörelgelerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli ertirlerine ynam bilen barýan halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýan kämil hukuk ulgamyny döretmek barada berýän tabşyryklary esasynda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan ýerlerde degişli işler alnyp barylýar. Şanly wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti guruldy. Ajaýyp wakalara beslenip, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çäreleriniň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we ýadygärliginiň açylyş dabaralarynyň ýokary ruhubelentlikde geçirilmegi şanly ýylymyzda giňden bellenilýän nurana baýramyň ähmiýetini has-da artdyrar.

Milli mukaddeslikleriň şanyna

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, TZB-niň welaýat we Daşoguz şäher bölümleriniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Kalbymda dessanym, dilde aýdymym, belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym» diýen at bilen şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen belent sepgitlere barýan ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigi, onuň hem türkmen bagtynyň çüwmegi bilen düşündirilýändigi barada täsirli gürrüň etdiler. Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi, Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi türkmen jemgyýetiniň berkarar döwlet bolmak baradaky maksatlarynyň hasyl bolandygynyň güwäsi bolup, bu goşa mukaddesligiň saýasynda taryhy ösüşleriň başdan geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy. Döwrüň taryhy ösüşlerine laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň döwletiň hem jemgyýetiň bähbitlerini ileri tutmak bilen, ýaşyl Baýdagymyzyň buýsanç bilen parlamagyna uly esas berendigi barada çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi.

Döwletimiziň parahatçylyk taglymaty

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk bilen bagly döwletli ýörelgeleri tutuş dünýäde giň seslenmä, gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylygy we abadançylygy ugur edinmegi türkmen halkynyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna, şeýle-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir we netijelidir. Aslyýetinde, halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynda hem adamlaryň parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar bar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady.

Hepdäniň habarlary

Baýramçylyk joşguny Golaýda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň Daşoguz şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Bagt kanunym, mukaddes Baýdagym — goşa buýsanjym» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Gurluşyk senagaty ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda günsaýyn bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Şu ýylyň 8-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan önümçilik toplumynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin amatly şertler döredilendir. Şeýle hem bu iri kärhana «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň wekili tarapyndan degişli güwänamanyň gowşurylmagy desganyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Işjeňligiň belent nusgasy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti we ilkinji partiýa guramalary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işlerini, durmuşa geçirilýän täze başlangyçlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmekde netijeli işleri alyp barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan syýasy, medeni-köpçülik çärelere giňden orun bermek bilen bir hatarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat beren kitaplarynyň many-mazmunyny, olaryň baý taryhy maglumatlaryny, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini giň halk köpçüligine ýetirmekde şäher häkimligi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen agzybirlikde wagyz-nesihat çäreleri, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. TDP-niň şäher komiteti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, aýdym-sazly dabaraly maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi uly buýsanç döredýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň çäklerinde döredilen saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri we araçäkleri barada MAGLUMAT

1-nji «GARAŞSYZLYK» SAÝLAW OKRUGY BOÝUNÇA 1-nji saýlaw uçastogyMerkezi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.Araçägi: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň Görogly köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Görogly köçesiniň ugry bilen Nazar Gullaýew köçesine çenli, şol ýerden Nazar Gullaýew köçesiniň ugry bilen Çary Nurymow köçesine çenli, Çary Nurymow köçesiniň ugry bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Görogly köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.