Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp keşbi ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň göz guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Dowam edýän hoştap howaly ýaz paslynyň tebigata eçilýän gözellikleri ak şäherimiziň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Bilşimiz ýaly, merjen şäherimiziň baýramy — Aşgabat şäheriniň güni barha golaýlaýar. Bu baýramçylygyň paýtagtymyzyň nurana keşbi deýin joşgunly, köňle ylham berýän bahar paslynda bellenilmeginde hem çuňňur many-mazmun bardyr. Bahar pasly hem göýä Aşgabadyň baky sowulmajak ýazlara mynasypdygyny älem-jahana buşlamak isleýän ýaly, ähli yhlasyny durky-düýrmegi bilen şäher tebigatyna bagyş edene çalym edýär. Şaýollardyr köçeleriň ugrundaky ýaşyl zolaklara müň dürli öwüşgin berip oturan ýaz güllerini, seýilgählerdäki al-ýaşyl öwsüp oturan gür baglary synlanyňda, muňa has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabadyň gününiň hut şeýle ajaýyp möwsümde bellenilmegi ähli halkymyzyň göwünlerini joşdurýar.