Ruhy hazyna

15 Maý 2024
295

Biz — ýaşlar öz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni-ruhy, edebi hem-de maddy gymmatlyklaryna buýsanýarys. Dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy berkarar döwletimiziň şu günki okgunly ösüşiniň hem-de röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz şol miras esasynda hem-de häzirki döwrüň ösen ylymda, bilimde, tehnologiýada gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen belent arzuwlarynyň wysal bolmagynyň, döwleti geljekde dolandyrjak hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmegiň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip bellemek bilen, şeýle şahsyýetlere nähili häsiýetleriň mahsus bolmalydygyny nygtaýar.

Arslan ANNAMYRADOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar