Mert pederlere tagzym

15 Maý 2024
268

Golaýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Eli gül-çemenli gelen ildeşlerimiz ýalynly ýyllaryň pidasy bolan beýik gerçekleriň ruhuny hatyraladylar. Häzirki wagtda asuda, parahat Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Watan diýip gül ömrüni ýurduna, il-gününe bagyşlan weteranlary döwlet derejesinde sylaglanýar we atlary ebedileşdirilýär. Bu bolsa Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdigini alamatlandyrýar.

Beýleki habarlar